Anadoly Habarlar gullugynyň habar bermegine görä, Siriýa, Türkiýäniň tagallasy netijesinde 13 ýyl soň gaýtadan YHG-na agza boldy.
Anadoly Habarlar gullugy diplomatik töwereklere esaslanýan habarynda, anna güni Jidde şäherinde nobatdan daşary ýagdaýda geçirlen YHG-na agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda, resmi Ankaranyň eden tagallasynyn Damaskyň 57 agzaly YHG-na agza bolmagynyň öňüni açandygyny mälim etdi.
Siriýanyň gurama gaýtadan agza bolmagy meselesi Jidde-de geçirlen maslahatyň gün tertibine degişli edildi we maslahata Daşary işler ministri Hakan Fidan hem gatnaşdy.
Maslahatda 13 ýyl soň Siriýanyň gurama gaýtadan agza bolmagy üçin karar taslamasy kabul edildi.
Kararyň kabul edilmeginden soň, Sriýanyň Daşary işler ministri Asad Hasan Şeýbani maslahata çagyryldy we Siriýa stolyň başynda mynasyp ýerini aldy.
2012-nji ýylyň 24-nji iýunynda Jidde-de geçirlen YHG-na agza ýurtlaryň ministrler derejesindäki ýerine ýetirijiler geňeşi, Siriýadaky dartgynlygy ara alyp maslahatlaşdy we şol döwürde Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň öz halkyna garşy zulum edýändigi sebäpli Siriýanyň gurama agzalygynyň saklanmagy teklip edildi.
2012-nji ýylyň awgust aýynyň 14-15-i aralygynda Mekge şäherinde geçirlen YHG-nyň 4-nji sammitinde Siriýanyň gurama agzalygy saklandy.