Ysraýylyň Eýrana garşy hüjümleri dowam edýärkä, Prezident Rejep Taýýip Erdogan Birleşen Arap Emirlikleriniň Döwlet baştutany Şeýh Muhammet bin Zaýed Al Nahýan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Sişenbe güni berlen beýannama görä, iki lider Ysraýyl-Eýran çaknyşyklaryny, ikitaraplaýyn gatnaşyklary we beýleki sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Beýanata görä, Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümleri bilen başlanan zorlugyň tutuş sebitiň howpsuzlygyna howp salýandygyny we sebitiň täze urşa çydap bilmejekdigini aýtdy.
Prezident Erdogan, çaknyşyklary diplomatik gatnaşyklar arkaly çözmek üçin işleýändiklerini we Eýran bilen ýadro dawasynyň gepleşik stolunyň üsti bilen çözüljekdigini aýtdy.
Erdogan häzirki ýagdaýyň Gazadaky uly ynsanperwerlik krizisiniň üstüni ýapmaly däldigini, ýogsam Günbatar Şeriýanyň we Gündogar Iýerusalimiň Ysraýylyň basyp alyşlyk howpuna sezewar bolup biljekdigini duýdurdy.