TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýäniň Wise-prezidenti: “2017-nji ýyldan bäri 900 müň siriýaly meýletin ýagdaýda yzyna dolandy
Jewdet Ýylmaz, Başar Asadyň agdarylmagyndan soňky jemi 145 müň 639 siriýalynyň meýletin ýagdaýda ýurduna yzyna dolanandygyny aýtdy.
Türkiýäniň Wise-prezidenti: “2017-nji ýyldan bäri 900 müň siriýaly meýletin ýagdaýda yzyna dolandy
March 18, 2025

Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, 2017-nji ýyldan bäri Türkiýä gelen 885 müň 642 siriýalynyň ýurtlaryna dolanandygyny aýtdy.

Ýylmaz, duşenbe güni X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, “Ylkinji nobatda serhetaşa operasiýalar netijesinde döredilen howpsuz zolaklarda ýaşaýan siriýalylar yzyna dolandy. Diktator ulgamyň agdarylmagyndan soň yzyna dolananlaryň sany artdy” diýdi.

Migrasiýa gullugynyň görkezijilerine görä, Başar Asadyň agdarylmagyndan ýagny 2024-nji ýylyň 9-njy dekabryndan bäri yzyna dolanan siriýalylaryň sany 145 müň 639 adama ýetdi.

Ýylmaz, “Gaýtadan dikeldiş etabynda Siriýada howpsuzlygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagyndan we ykdysady şertleriň kadalaşmagyndan soň şol sanyň has-da artmagyna garaşylýar” diýdi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Siriýada gündelik durmuşyň kadalaşmagynyň diýseň möhümdigini mälim edipdi

Fidan, “Gündelik durmuş şertleri kadalaşmazdan Türkiýedäki we goňşy ýurtlardan bosgunlaryň yzyna dolanmagy mümkin däl” diýipdi.

25 ýyldan bäri Siriýanyň lideri bolan Başar Asad, 8-nji dekabrda oppozision güýçleriň Damasky ele geçirmeginden soň Russiýa gaçdy we 1963-nji ýyldan bäri häkimiýetiň başynda bolan Baas partiýasynyň häkimiýet döwrü ýapyldy.

Asady agdarmak üçin oppozisiýa güýçlerine öňbaşçylyk eden Ahmed Al Şara 29-njy ýanwarda Siriýanyň wagtlaýyn prezidenti hökmünde yglan edildi.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us