Milli Tupan merkezine görä, Erik tupany, Meksikanyň günorta Pasifik kenalaryna howp salýar.
Sagatda tizligi 195 kilometre ýetýän tupanyň Meksikanyň Pasifik kenaryna barmagyna garaşylýar.
Merkez, tupanyň Oahaka we Gerrero sebitlerinde 41 sm çenli ýagyşyň ýagmagyna sebäp bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.
Sile we ýer süýşgünlerine garşy ünsli bolunmalydygyny mälim etdi.
Merkez tarapyndan berlen beýannamada, “Bu ýagyşlar esasan dik ýerlerde gündelik durmuşa ýaramaz täsirini ýetirip biler” diýildi.
Meksikaly ýolbaşçylar iki sebitde 500-den gowrak gaçybatalganyň gurlandygyny we 18 müň adamlyk halas ediş toparynyň iş alyp barjakdygyny mälim etdi.
Meksikanyň Prezidenti Klaudiýa Şeinbaum, sebitiň ýaşaýjylaryna daşary çykmazlyklary üçin çagyryş berdi.
Gubernator Ewelyn Salgado hem sebitde mekdepleriň ýapylandygyny we transportyň işiniň togtadylandygyny aýan etdi.