ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama duşenbe güni ýurduň migrasiýa ulgamynda reforma edilmegi üçin çagyryş berip, immigrantlaryň maşgala agzalaryna “duşman” ýaly çemeleşilmeli däldigini beýan etdi.
Obama X platformasyndan beren habarnamasynda; “13 ýyl ozal hömkümetiň ähli taraplaýyn Amerikaly bolan, emma diňe ýekeje meselede, resminamalar sebäpli şeýle hasap edilmeýän ýaşlary goramak üçin işe girişdi” diýdi.
Obama bu syýasaty ABŞ-nyn “hem immigrantlar ýurdy hem-de kanunlar ýurdy” bolmagynyň göreldesi hökmünde häsýetlendirip, amerikalylary bu ýörelge hakynda pikirlenmäge çagyrdy.
“Diňe ýaşamak, işlemek we halklaryny goldamak isleýän birmeňzeş geçmişe eý ebolan maşgala agzalary demonizasiýalaşdyrylýar” diýdi.
Obama migrasiýa syýasatynyň seljerilmemeginiň möhümdigini nygtap, adamlaryň ählisiniň bunsanjynyň goralmalydygyny beýan etdi we “Kadasyz migrasiýa ulgamymyzy düzedip bileris, şol bir wagtda-da adamkärçiligimizi öwrenip, birek-birege sarpaly, sylaşykly çemeleşip bileris” diýdi.
Obamanyň bu beýanaty Trampyň adminstrasiýasynyň alyp barýan migrasiýa syýasatlary sebäpli dartgynlaşan diskusiýalar dowam edýärkä berdi. Bu diskusiýalar migrasiýa hakyndaky kanunyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi we resminamasyz immigrantlar üçin hemaýatyň çäklendirilmegi ýaly ugurlary öz içine alýar.