Hindistan bilen Pakistana çaknyşyklaryň gyssagly bes edilmegi üçin çagyryş beren ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Günorta Aziýadaky iki goňşy ýurduň arasynda başdan geçirilýän soňky 20 ýylyň iň uly dartgynlygynyň ortadan aýrylmagy üçin kömek bermegi teklip etdi.
Çarşenbe güni Ak Tamda beren beýannamasynda “Bu diýseň elhenç”diýen Tramp, “Iki ýurt bilen hem ýakyndan aragatnaşyk saklaýaryn we olary gowy tanaýaryn. Bu meseläni çözmek isleýärin” diýip belledi.
Tramp Täze Deliniň duşmanyna garşy raketa hüjümlerini guramagyndan we Hindistan bilen Pakistanyň jedelli sebitdäki atyşygyndan soň töwellaçylyk teklip etdi.
Pakistan, Hindistan tarapyndan guralan 31 adamyň ýogalmagyna we 57 adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan hüjümlere degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini aýtdy.
Pakistan mundan başgada howa güýçleriniň “özüni goramak” maksady bilen Hindistana degişli 5 harby uçar bilen 1 drony urup düşürendigini mälim etdi.
Urulup düşürlen uçarlaryň arasynda Fransiýada öndürlen we dürli maksatlar bilen ulanylýan Rafale uçary hem bar.
Hindistan uçarlaryň urlup düşürlendigini tassyklamady. Emma ýerli ýolbaşçylar Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Kaşmir sebitinde birnäçe uçaryň urlup düşürlendigini nygtaýar.
1500 ýyllyk Kaşmir düşnüşmezligi
Pakistan uzak ýyllardan bäri ABŞ-nyň esasy hyzmatdaşy bolandygyna garamazdan Prezident Tramp, fewral aýynda Ak Tamda Hindistanyň milletçi Premýer-ministri Narendra Modi bilen bolan duşyşygynda gatnaşyklaryny güýçlendirmek isleýändigini aýdypdy.
Tramp Owal ofisde beren beýannamasynda “Iki ýurt bilen hem ýakyndan gatnaşyk edýäris we çaknyşyklaryň bes edilendigini görmek isleýärin” diýdi.
Tramp, soňky krizisi Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky ozalky dartgynlyklaryň bir bölegi hökmünde görýärdi. Hatda iki ýurduň 1947-nji ýylda Britaniýadan garaşsyzlygyny alandyklaryna garamazdan 1500 ýyldan bäri düşnüşip bilmeýändiklerini aýdypdy.
Amerikan hökümeti Hindistanyň Pakistana guran hüjümleriniň yzy ýanyndan herekete geçdi.