Hakan Fidan, Ýewropanyň harby goşunlarynyň Türkiýäniň harby goşuny ýaly beýle güýçli bolmandygyny nygtap, Ýewropa ýurtlaryň“ABŞ-nyň howpsuzlyk taýdan berýän goldawyny kesmegine bildirýän aladasyna düşünýändigini belledi.
Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Ýewropaly liderleriň dünýäniň birnäçe merkeze öwrülmegine alada bildirýändigini nygtady.
Penşenbe güni TW 100 teleýaýlymyna beýannama beren Hakan Fidan, “Britaniýany, Ýewropanyň käbir ýurtlaryny we Türkiýäni öz içine alýan gurluşyň sebitleýin güýç merkezini döretmegi mümkin” diýdi.
Hakan Fidan “2007-2008-nji ýyllarda Türkiýe, ÝB-ne agzalyga kabul edilen bolsady, belki Britaniýa hem agzalykdan çeklmezdi”diýip belledi. Hakan Fidan, ÝB-niň goranyş mümkinçiligini artdyrmak üçin goranyş bujetini 800 milliad ýewro çykarandygyny nygtady. Fidan, Ýewropa ýurtlarynyň goranyş mümkinçiligini artdyrmak üçin tagalla edýän döwründe Türkiýäniň bu ugurdaky ýyldyzynyň parlaýandygyny ýatlatdy.
Käbir Ýewropa ýurtlarynyň harby goşunlarynyň Türk Ýaragly güýçleri ýaly güýçli bolmandygyny aýdan Fidan, Ýewropa ýurtlaryň“ABŞ-nyň howpsuzlyk taýdan berýän goldawyny kesmegine bildirýän aladasyna düşünýändigini belledi.
Türkiýe ÝB-ne agzalygy ileri tutmaga dowam edýär
TW 100 teleýaýlymyna beýannama beren Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýäniň Ýewropa ýurtlary bilen ýakyndan gatnaşyk edýändigini nygtady.
Hakan Fidan “Ýewropa ýurtlary bilen söwda mukdarymyz 20 milliard dollardan geçdi. Şol san iki tarap üçin hem dünýäniň iň deňagramly söwda mukdary”diýip belledi.
2019-njy ýylda ÝB-niň degişli guramalary bilen saklanan gatnaşyklaryň gaýtadan dikeldilip bilinjekdigine ünsi çeken Fidan, Türkiýäniň strategiýa taýdan ÝB-ne agzalygy ileri tutmaga dowam edýändigini emma ÝB-niň meselä içgin çemeleşmeýändigini gürrüň berdi.
Daşary işler ministri Hakan Fidan gelejekde Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda oňyn özgerlişikleriň başdan geçirilmegine garaşýandyklaryna ünsi çekdi.
Russiýa-Ukraina söweşi
Hakan Fidan, Russiýa-Ukraina söweşiniň, Türkiýe bilen birlikde Ýewropaly ähli ýurtlaryň birek-biregi goramak baradaky ygrarlygyny synagdan geçirjekdigini aýtdy.
Ukraina söweşiniň bes edilmegi baradaky garaýyş tapawutlylygy hakynda durup geçen Fidan, “Ukraina söweşiniň başlamagy taraplary böldi, söweşiň bs edilmegi hem bölýär. Türkiýäniň söweşiň başyndan bäri berýän beýannamalary indi ABŞ tarapyndan berilýär”diýdi.
Ankara başyndan bäri Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 3 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän söweşiň gepleşik arkaly çözülmegi üçin çagyryş berýär. Bu çemeleşemäni indi ABŞ-nyň Prezident Donald Tramp hem kabul edýär.
Atyşygyň bes edilmegi we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin taraplaryň birnäçe mesele boýunça ylalaşyk gazanmalydygyna ünsi çeken Fidan, Türkiýäniň NATO-nyň çäginde atyşyň bes edilmegine goldaw beren ýeke-täk ýurtdygyny nygtady.
Türkiýäniň, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerine ýer eýeçiligini etmäge taýardygyny aýdan Fidan, “Biz gepleşiklere ýer eýeçiligini etmek bilen birlikde ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýar”diýip belledi.