SYÝASAT
2 minut okamak
Ysraýyl Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň serkerdesi Hüseýin Selamini öldürdi
Ysraýyl Tähranda we beýleki sebitlerde şol bir wagtda guran hüjümlerinde Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň serkedesi bilen birlikde ýokary çinli harby ýolbaşçylary we ýadro bombasy boýunça hünärmen alymlary öldürdi.
Ysraýyl Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň serkerdesi Hüseýin Selamini öldürdi
13 de junio de 2025

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Ysraýyl Eýrana deňi-taýy görülmedik hüjüm gurady. Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň serkerdesi Hüseýin Selami bilen birlikde ýokary çinli harby ýolbaşçylary we ýadro bombasy boýunça hünärmen alymlary öldürdi.

Habarda “Serkerde Hüseýin Selaminiň janyna kast edildi” diýildi.

TRT World üçin Tährandan maglumat beren Reza Hatemi, “Ynkylap Goragçylary goşunynyň serkerdesi Hüseýin Selami Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümde öldürildi” diýdi.

Reza Hatemi “Eýranyň Ynkylap Goragçylary goşunynyň ýokary çinli serkerdelerinden general Golamreza Raşid bilen birlikde ýadro bombasy boýunça hünärmenler alym Dr Tehrançi bilen Dr. Feridun Abbasyň hem öldürlendigini aýtdy.

Hatemi “Ferridun Abbas halk deputaty we Eýranyň Atom energetika gullugynyň ozalky başlygydy we 2010-njy ýylda guralan hüjümden halas bolupdy” diýdi.

Eýranyň Ynkylap Goragçylary goşuny ýurtdaky esasy güýç merkezlerinden biri we Eýranyň balisti raketa ulgamyna gözegçilik edýär.

“Ynkylap goragçylary goşunynyň serkerdesi Hüseýin Selami Ysraýyl tarapyndan öldürlen eýranly ýokary derejeli ýolbaşçy. Düýn Ysraýyl ýada ABŞ Eýran hüjüm eden halatynda Tähranyň berk gaýtawul görkezjekdigi barada duýduryş beripdi”diýen Hatemi, Eýranyň geçen ýylyň oktýabr we aprel aýlarynda Ysraýyla guran hüjümlerine ünsi çekdi.

Eýran Ysraýylyň soňky howa hüjümlerine degişli gaýtawulyň görkeziljekdigini mälim etdi.

Ýaragly güýçleriň metbugat sekretary Abolfazl Şekerji “Ýaragly güýçleri bu siýonist hüjüme hökmany suratda degişli gaýtawuly görkezer” diýdi. Abolfazl Şekerji Ysraýylyň jerimesini çekjekdigine ünsi çekdi.

Ysraýylyň hüjümleri, iki duşman ýurduň onlarça ýyldan bäri dowam etdirýän gizlnk gury ýer, deňiz, howa we kiber hüjümleriniň arasynda uly söweş howpunyň artmagyna sebäp boldy.

ABŞ bu operasiýa hiç hili kömek bermändigini mälim etdi.

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us