DÜNÝÄ
1 minut okamak
Awstriýada mekdepde guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy we birnäçe adam ýaral
Polisiýa orta mekdebiň ýerleşýän köçede operasiýanyň geçirilendigini habar berdi.
Awstriýada mekdepde guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 9 adam ýogaldy we birnäçe adam ýaral
10 جون 2025

Reýter habarlar gullugynyň ýerli APA habarlar gullugyna esaslanyp beren habaryna görä, Awstriýanyň Graz şäherindäki mekdepleriň birinde guralan hüjümde azyndan 9 adam ýogaldy, birnäçe adam ýaralandy.

Awstriýanyň ORF döwlet telewideniýe kanaly sişenbe güni beren beýanatynda, aralarynda okuwçylar we mugallymlar bilen birnäçe adamyň agyr ýaralanandygy mälim edildi. Deslapky maglumatlara görä şübhe astyndaky hüjümçiniň okwuçydygy we öz janyna kast edendigi aýan edildi.

Polisiýa gullugy ýene-de bir orta mekdebiň ýerleşýän köçede operasiýanyň dowam edýändigini, emma has köp maglumat bermejekdigini habar berdi.

Graz şäherindäki polisiýa gullugy sişenbe güni mekdepde başdan geçirlen ýagdaý bilen bagly maglumat alanlaryndan soň, wakanyň bolan ýerine ýörite toparynyň gönükdirilendigini we ýarag sesleriniň eşidilendigini habar berdi.

Awstriýanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän we ilaty takmynan 300 müň adam bolan Graz şäheri, ýurduň iň uly ikinji şäheridir.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us