DÜNÝÄ
1 minut okamak
Söweşiň iň uly ýesir çalşygy: Russiýa bilen Ukraina ýüzlerçe ýesirini çalyşdy
Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär. Beýleki tarapdan söweşiň iň uly ýesir çalşygy hökmünde häsiýetlendirlen ýesir çalşygy başlady. Ilkinji tapgyrda 800 ýesir çalşyldy.
Söweşiň iň uly ýesir çalşygy: Russiýa bilen Ukraina ýüzlerçe ýesirini çalyşdy
24 مايو 2025

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, anna güni beren beýannamasynda, harbylardan we asuda ilatdan ybarat 390 ukrainiň öýlerine dolanandygyny aýtdy.

Zelenskiý hepdäniň dowamynda ýesir çalşygynyň dowam etjekdigini belledi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi hem Ukrainadan 390 ýesiri alandyklaryny mälim etdi.

Zelenskiý, Telegramdan beren beýannamsynda “Her bir adamyň öýüne yzyna dolanmagy diýseň möhüm” diýdi.

Ukrainanyň lideri ýesir çalşygynda uly rol oýnanlara sag bolsun aýtdy we ýesir çalşygy üçin diplomatik tagallalaryň dowam etjekdigini belledi.

Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda geçen hepde Stambul şäherinde geçirlen gepleşiklerde taraplaryň 1000 ýesiri çalyşmagy boýunça ylalaşyk gazanylypdy.

“Belki kakam ertir geler”

Boşadylan ukrainalylar, Çernigow sebitindäki saglygy goraýyş merkezinde dabaraly ýagdaýda garşylandy. Garşylama dabarasynda duýguly pursatlar badşan geçirildi.

Ukrainanyň baýdagyny göterýän ýesirler maşgalalary bilen gujaklaşyp, täzeden jemgyýete goşulmak etabyna başlady.

Tussaglylaryň boşadylmagyna garaşýan hossarlary, olary şowhunly ýagdaýda garşylady we ýolbaşçylara sag bolsun aýtdylar.

Ýesirler Belarus serhedinde çalşyldy. Boşadylan ruslaryň bejergi üçin Belarusa ugradylandygy nygtaldy.

Emma beýleki tarapdan müň kilometrlik liniýada çaknyşyklar dowam edýär.

Boşadylan ýesirleri garşylama gelenleriň bir bölegi gussaly ýagdaýda yzlaryna dolandy. Sebäbi olaryň garaşýan adamlary boşadylanlaryň arasynda ýokdy.

Olar boşadylanlaryň hiç bolmanda hossarlary barada maglumat bermegini umyd edýär.

 “Belki kakam ertir geler” diýip aglaýan kiçik oglanjyk hem şolaryň arasyndady.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us