SYÝASAT
2 minut okamak
Amerikan Kongresiniň agzalary Damaskda saparda boldy
Resmi Waşington, Siriýanyň demirgazyk gündogaryndaky esgerleriniň sanyny ýarysyna çenli aşaklatmagy meýilleşdirýär.
Amerikan Kongresiniň agzalary Damaskda saparda boldy
19 april 2025

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagon, ABŞ-nyň Siriýa ornaşdyran esgerleriniň sanyny öňümizdäki aýlarda ýarysyna çenli aşakladar. Amerikan kongresiniň agzasy iki halk deputatynyň Damaskda Siriýaly ýolbaşçylar bilen geçirjek duşuşyklarynyň öňüsyrasynda, Siriýada müňden az esgeriniň iş alyp barjakdygyny mälim etdi.

Pentagonyň metbugat serketary Sean Parnell, anna güni beren beýannamasynda, “Goranmak ministri şu gün Siriýadaky Amerikan güýçleriniň belli nokatlarda bir ýere jemlenişmegi üçin görkezme berdi” diýdi. Emma esgerleriň jemlenişjek ýeri hakynda maglumat bermedi.

Parnell “Bu meýilnama we şertlere esaslanýan etapda, öňümizdäki aýlarda Siriýadaky amerikan esgerleriniň sany müňe çenli azaldylar” diýdi.

Parnell, ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginiň Siriýada terror guramasy DEAŞ-a garşy göreşini dowam etdirjekdigini belledi.

Amerikanyň Siriýadan çekilmegi

Resmi Waşington, ýurtdaky içerki durnuksyzlykdan peýdalanyp Siriýada we goňşy ýurt Yrakda käbir ýerleriň gözegçiligini ele geçiren DEAŞ-a garşy halkara göreşiň çäginde Siriýa birnäçe ýyl ozal harby güýç ornaşdyrypdy.

Şol günden soň Yrakda we Siriýada DEAŞ-a uly zarba urlupdy.

Amerikan kongresiniň iki agzasy dekabr aýynda Başar Asadyň agdarylmagyndan soň söweş sebäpli uly ýitgi çeken Siriýa ilkinji saparyny anna güni gurady.

Wekiller palatasynyň Daşary işler we ýaragly hyzmatlar komitetiniň agzasy Florida ştatynyň halk deputaty Kori Mills bilen Indiana ştatynyň hak deputaty Marlin Stutzman Damaskda saparda boldy.

Mills anna güni Siriýanyň Prezidenti Ahmed al Şara bilen duşuşdy. Duşuşykda ABŞ-nyň goýan sanksiýalary we Eýran meselesiniň seljerlendigi nygtaldy.

Marlin Stutzmanyň hem şu gün al Şara bilen duşuşjakdygy nygtaldy.

Marlin Stutzman resmi Waşington tarapyndan sanksiýa goýlan lider bilen duşuşyp duşuşmajakdygy hakyndaky soraga, Trampyň adminstrasiýasynyň Eýranyň we Demirgazyk Koreýanyň lideri bilen hem gepleşik geçirýändigini mysal hökmünde görkezmek bilen jogap berdi.

Stutzman “Biz kimdir biri bilen gepleşik geçirmekden gorkmaly däl” diýdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us