Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan anna güni beren beýannamasynda, Ysraýylyň hüjümleriniň sebite we Ýewropa tarap göç tolkunynyň başlamagyna sebäp bolup biljekdigini aýtdy.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berlen maglumata görä, Prezident Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Fridrih Merz bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Erdogan telefon söhbetdeşliginde Eýranyň ýadro düşnüşmezliginiň gepleşik arkaly çözülmelidigini nygtap, Ysraýylyň Eýrana garşy guraýan hüjümleri bilen başlan çaknyşyk etabynyň sebit ýurtlary taýdan howplydygyny belledi.
Kommunikasiýalar edarasynyň X sosial media hasabyndan beren habarnamasyna görä, Prezident Erdogan söweşiň göç tolkunyna we ýadro howpuna sebäp bolup biljekdine ünsi çekdi.
Prezident Erdogan bilen Germaniýanyň Federal Kansleri telefon söhbetdeşliginde Ysraýylyň Eýrana guraýan hüjümleri bilen başlan çaknyşyk etaby we özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda hem pikir alyşdy.