Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiýniň söweşiň bes edilmegini maksat edinýän gepleşikler üçin “Men Türkiýede Putine garaşýaryn” diýen soňky beýannamasyna ünsi çekdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiriljek duşuşyk, üç ýyldan bäri dowam edýän çaknyşyklaryň bes edilmegi taýdan öwülşik nokady bolar.
Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Ukrainanyň Prezidenti Wolodimir Zelenskiýniň beýannamasyna giňişleýin ýer berdi we Ukraina-Russiýa gepleşikleriniň Türkiýede geçirlip bilinjekdigine ünsi çekdi.
Parahatçylyk üçin: Türkiýä geliň
“Axios” gazeti, “Zelenskiý Putin bilen duşuşmak üçin Türkiýä gidýär” söz başyly habarynda, ukrainaly ýolbaşçynyň “Russiýa duşenbe güni atyşygy bes etmegi kabul etmesede Zelenskiý penşenbe güni Türkiýä gider” diýen sözlerine ýer berdi.
“Nýu Ýork Taýmes” gazeti, “Ukrainanyň Prezidenti Russiýa diplomatiýa şert döretmek üçin çaknyşyklary bes etmegi barada çagyryş berdi” diýip ýazýar.
“BBC” Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýniň, söweşiň bes edilmegini maksat edinýän gepleşikler üçin penşenbe güni Stambulda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga taýardygyna ünsi çekýär.
“Ze Independent” Ukrainanyň Prezidentiniň “Men penşenbe güni Türkiýede Putine garaşaryn. Bu gezek bahana tapmazlyklaryny umyd edýärin” diýen sözlerine ýer berdi.
“Sundaý Taýmes” gazeti, “Ukrainanyň Prezidenti Türkiýedäki parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşmagy kabul etdi” diýip ýazýar.
“Kiýew Independent” gazeti, mesele baradaky habaryny “Zelenskiý Türkiýede Putin bilen gepleşik geçirmäge taýar” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirär.
“Ukrinform” Ukrainanyň Prezidentiniň Russiýanyň atyşygy bes etmegine we 15-nji maýda Türkiýede Russiýanyň Prezidenti Putine garaşýandygy hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Singapurda çap edilýän “Ze Straits Taýmes” gazeti, Ukrainanyň Prezidentiniň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen Türkiýede duşuşmagyna taýardygyna ünsi çekýär.
Merkezi Tähranda ýerleşýän “İran Front Page” habar saýty “Zelenskiý penşenbe güni Türkiýede Putin bilen duşuşmaga taýardygyny aýtdy” söz başysyny saýlap alypdyr.
“Moskow Taýmes” gazeti, “Tramp Ukraina Russiýanyň gepleşik teklibini kabul etmegi üçin çagyryş berdi” söz başyly habarynda Zelenskiýniň “Men penşenbe güni Türkiýede Putine garaşaryn” diýen sözlerine ýer berdi.
Merkezi Katardan ýerleşýän “Al Žazeera” kanaly “Zelenskiý atyşygyň bes edilmegini umyt edýär. Penşenbe güni Türkiýede Putin bilen duşuşmak isleýär” diýip belleýär.
Günorta Afrikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolsa “Zelenskiý, Trampyň atyşygyň bes edilmegine garaşmazlygy hakyndaky beýannamasyndan soň Putin bilen duşuşjakdygyny aýtdy” diýýär.