Birleşen Milletler Guramasynyň Migrasiýa Gullugy Indoneziýadaky rohingýa bosgunlaryna berilýän maliýe kömegini bes etmek baradaky kararıny bes etdi diýip, ýurduň ýokary derejeli resmisi sişenbe güni “AFP” habar gullugyna mälim etdi. Bu çözgüt, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň daşary yurtlara berilýän kömekleri doňdurmagy bilen baglanyşykly maliýe çäklendirmeleriniň yglan edilmeginden birnäçe gün soň kabul edildi.
Aglabasy musulmanlardan ybarat rohingýa etniki topary Mýanmada agyr yzarlamalara sezewar edilýär. Her ýyl müňlerçe adam howply we uzak deňiz syýahatyna çykyp, Malaýziýa ýa-da Indoneziýa gitmäge çalyşýar.
28-nji fewralda Halkara Migrasiýa Gullugynyň (IOM) AFP tarapyndan çap edilen resmi hatda Sumatra adasynyň günbatar bölegindäki Pekanbaru şäherinde ýerleşýän takmynan 1,000 rohingýa bosgunyna berilýän kömegiň bes ediljekdigi habar berilýärdi. Emma IOM-yň Indoneziýadaky missiýasynyň ýolbaşçysy kararyň yzyna alnandygyny, emma onuň sebäbi barada jikme-jik maglumat berilmändigini aýtdy.
"Biziň iň uly ynsanperwer kömek maksatnamamyz täzeden dikeldildi" diýip, Jeffrey Labovitz AFP-ä” beren beýanatynda nygtady. Ol "Häzirki wagtda hyzmatlary çäklendirmek boýunça hiç hili meýilnamanyň ýokdugyny tassyklap bilerin" diýdi.
Gulluk e-poçta arkaly beren resmi beýanatynda: "Biz Indoneziýadaky rohingýa bosgunlaryna kömek bermäge ygrarlylygymyzy dowam etdirýäris we ozalkysy ýaly goldawymyzy bereris" diýip belledi.
ABŞ-nyň kömek serişdelerini bes etmegi operasiýalara ýaramaz täsir edýär
Indoneziýada 2,000-den gowrak Rohingýa bosguny hukuk taýdan näbelli ýagdaýda ýaşaýar. Sebäbi regiondaky ýurtlar olary hemişelik kabul etmekden saklanýarlar we bu ýagdaý olary BMG-niň jaýlaşdyryş hem-de ynsanperwer kömek goldawyna garaşly edýär.
Geçen hepde IOM ABŞ-nyň maliýe serişdeleriniň bes edilmeginiň gullugyň işgärlerine, operasiýalaryna we hyzmat edýän bosgunlaryna ýaramaz täsir ýetirendigini aýtdy. Mesele bilen tanyş bolan bir çeşmäniň beýan etmegine görä, bu ýagdaý gerek bolan azlyklaryň üpjün edilmegini has-da çäklendirýär.
Indoneziýa BMG-niň Bosgunlar konwensiýasyna tarap däl we Mýanmadan gelen bosgunlary kabul etmäge borçly däldigini öňe sürýär. Şeýle-de ol goňşy ýurtlara ýüzlenip, rohingýa bosgunlaryny öz ýurduna kabul edip, bu meseläni bilelikde çözmäge çagyrýar.
Duşenbe güni ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Waşingtonyň USAID-yň ösüş gullugyndaky 5,200 maksatnamanyň ýatyryljakdygyny, emma Döwlet departamenti tarapyndan dolandyryljak 1,000 maksatnamanyň dowam etjekdigi aýtdy.
Kömek guramalary bolsa maliýe goldawynyň köpüsiniň durnuklylygy saklamak we daşary ýurtlardaky saglygy goraýyş maksatnamalaryna ýardam bermek arkaly ABŞ-nyň strategik bähbitlerine hyzmat edýändigini öňe sürýärler.