ABŞ-nyň Kentuki ştatynda ýekşenbe güni guralan ýaragly hüjümde 3 adam ýogaldy, köp sanly adam aýralandy.
Gubernator Andy Beshear, X sosial media paltformasyndan beren habarnamasynda “Lexington şäherinde Richmonda Road Baptist buthanasyna guralan ýaragly hüjümde 2 adam ýogaldy”diýdi.
Waka düýn ýerli wagt bilen 11.36-da şübheliniň Blue Grass howa menziliniň golaýyndaky polis gözegçik merkeziniň gullukçysyna od açmagy bilen başlady.
Şübheliniň soň ogurlan ulagy bilen Richmonda Road Baptist buthanasyna gidendigi we çem gelen ýere od açandygy nygtaldy.
Buthana guralan hüjümde 72 we 32 ýaşyndaky iki zenanyň wakanyň bolan ýerinde ýogalandygy nygtaldy.
Ýaralanan we hassahanada bejeri astyna alynanalardan 2 adamyň ýagdagynyň agyrdygy bellenildi.
Hüjümçiniň wakanyň bolan ýerinde atylyp öldürlendigi ýatladyldy.
Senator Rand Paul ýaragly hüjüm hakynda X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, hüjüme gynanç bildirdi we şuňa meňzeş hüjümleriň Kentukida gaýtalanmajakdygyny nygtady.