Ysraýylyň demirgazygyndaky Haýfa aýlagynda ýerleşýän Bazan toparyna degişli Haýfa nebiti gaýtadan işleýän zawod Eýranyň raketa bilen hüjüm guramagyndan we 3 adamyň ýogalmagyndan soň ýapyldy.
Kärhana duşenbe güni bu hüjümiň desganyň energiýa infrastrukturasyna uly zyýan ýetirendigini aýtdy.
The Times of Israel tarapyndan berlen maglumata görä, Bazan toparynyň Tel-Awiw biržasyna beren beýanatynda: “Desga ýetirlen zeper sebäpli energiýa stansiýasyna uly zyýan ýetdi we şol sebäpli nebiti gaýtadan işleýän ähli desgalar we oňa degişli kärhanalaryň desgalary ýapyldy” diýip habar berildi.
Kärhana mundan başgada desgany ýaňadandan energiýa bilen üpjün etmek maksady bilen Ysraýylyň Elektrik edarasy bilen bilelikde işleşýändiklerini mälim etdi.
The Times of Israel tarapyndan berlen maglumata görä Eýranyň raketalary ýekşenbe güni gije Bazan nebiti gaýtadan işleýän komplekse degdi we turba geçirijilerne zeper ýetdi. Kärhana nebiti gaýtadan işlemek boýunça işleriň dowam edýändigini, emma beýleki amallaryň togtadylandygyny habar beripdi.
Ysraýylyň resmileri anna gününden bäri Eýran tarapyndan guralan hüjümlerde azyndan 24 adamyň ýogalandygyny we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny habar berdi.
Beýleki tarapdan bolsa Eýran Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde azyndan 224 adamyň ýogalandygyny we 1000-den gowrak adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.