ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ysraýylyň Eýrana guran howa hüjümlerini “gaty gowy” hökmünde häsiýetlendirdi we “dowamy geler” diýdi.
Anna güni ABC Nýus kanalyna telefon arkaly beýannama beren Tramp, “Meniň pikirimçe gaty gowy boldy. Biz olara mümkinçilik berdik. Ol olar şol mümkinçilikden ýerlikli peýdalanyp bilmedi. Eýrana uly zarba uruldy we urulmaga dowam ediler” diýip belledi.
ABŞ-nyň hüjüme gatnaşyp gatnaşmandygy hakyndaky soraga jogap bermekden gaça duran Tramp “Bu barada garaýyş beýan etmek islemeýärin” diýdi.
“Eýran ylalaşyk gazanmaly”
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, “Eýran uly ýitgi çekmezden öň ylalaşyk gazanmaly we bir wagtlar Eýran İmperiýasy diýlip tanalýan zady halas etmeli” diýdi.
Tramp, Truth Sojial arkaly beren habarnamasynda bolsa “INDI ÖLÜM ÝOK, INDI ÝYKYLŞYK ÝOK. GIÇ BOLMANKA NÄME ETMELI BOLSA EDIŇ”diýip belledi.
Eýrana diplomatiýa üçin mümkinçilik döredendigini emma resmi Tähranyň şol mümkinçilikden ýerlikli peýdalanyp bilmändigini aýdan Tramp, “Özgerlişik edilen bolsada netije alyp bilmediler” diýdi.
Eýranly ýolbaşçylara ýagdaýyň dartgynlaşjakdygy barada duýduryş beren Tramp, ABŞ-nyň “DÜNÝÄNIŇ IŇ DÖWREBAP WE GÜÝÇLI HARBY ENJAMLARYNY” öndürendigini we Ysraýylyň hem şol enjamlaryň bir bölegine eýedigini nygtady.