DÜNÝÄ
1 minut okamak
Ysraýylyň ozalky Premýer-ministri, Ben-Gwir bilen töhmet işi boýunça ylalaşyk gazandy
Ben-Gwiriň ýolbaşçylygyndaky partiýanyň agzalarynyň Bennetiň öýüne zor bilen girendigi hakyndaky myş-myşlardan soň töhmet işi boýunça ylalaşyk gazanylandygy nygtaldy.
Ysraýylyň ozalky Premýer-ministri, Ben-Gwir bilen töhmet işi boýunça ylalaşyk gazandy
May 8, 2025

Ysraýylyň “Kan” teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, aşa sagçy Milli howpsuzlyk ministri İtamar Ben-Gwiriň, ozalky Premýer-ministr Naftali Bennetiň aýaly hakynda gozgan kazyýet işinde Benett 35 müň şekel ýagny 10 müň dollarlyk jerime töledi.

“Haaretz” gazeti, işiň Gilat Bennettiň Ben-Gwiriň partiýasynyň agzalarynyň zor bilen öýüne girendiklerini sebäpli gozgalandygyny mälim etdi.

Gazet şeýle hem Ben-Gwiriň işiň gozgalan döwründe Naftali Bennet barada “maşgalanyň agzybirligini bozup biljek maglumatlara” eýedigini öňe sürendigine ünsi çekdi.

Ysraýylyň “Kan” teleýaýlymynyň berýän habaryna görä işiň gozgalmagyndan 1 aý soň ylalaşyk gazanyldy.

Gizlin töleg däl

Bennett, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda ylalaşygyň “gözlin töleg” bolmandygyny aýtdy.

Bennet, “Birnäçe ýyl ozal saýlaw kampaniýasy döwründe garakçylar Bennetiň öýüne zor bilen girdi. Gilat Bennet wakadan Ben-Gwiriň meýletinleriniň jogapkärdigini aýtdy” diýdi.

Bennet, “Ben-Gwir, Gilat Bennettiň zor bilen öýe girme wakasyndan öz adamlarynyň jogapkärdigi sebäpli iş gozgady. Şol adamlaryň hakykatdan hem Ben-Gwiriň adamlary bolandygy barada hiç hili subutnama ýok. Şol sebäpli hem gozgalan iş boýunça ylalaşyk gazanyldy. Bu gizlin töleg däl”diýdi.

Ben-Gwir çarşenbe güni ir ertir beren beýannamasynda, Bennetden alan tölegini Ysraýylyň Goranyş güýçlerine bagyşlandygyny aýtdy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us