SYÝASAT
2 minut okamak
Arap liderleri, Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin çagyryş berdi
Saud Arabystany, Katar, Müsür we Iordaniýa bilen birlikde beýleki ýurtlar, Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky raketa hüjümlerinden soň sebitde dartgynlygyň möwjäp biljekdigi dogrusynda duýduryş berdi.
Arap liderleri, Ysraýyl bilen Eýranyň arasyndaky  dartgynlygyň gowşamagy üçin çagyryş berdi
пред ден

Ysraýylyň Eýrandaky ýadro desgalara, harby merkezlere we ýokary derejeli ýolbaşçylaryň öýlerine guran howa hüjümlerinden soň Arap ýurtlary, sebitde artan dartgynlygyň gowşamagy üçin işe girişdi. Tähran Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde asuda ilatdan onlarça adamyň ýogalandygyny mälim etdi.

Suda Arabystany, Katar, Müsür, Iordaniýa, Kuweýt, Yrak we Palestina anna güni Ysraýylyň Eýrana guran hüjümlerinden we Tähranyň ar almak maksady bilen Ysraýyla guran raketa hüjümlerinden soň sebitde çaknyşyk howpynyň artandygy dogrusynda duýdyryş berdi.

Eýranyň Ysraýyla guran hüjümlerinde onlarça adam ýogaldy we ýaralandy.

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Salman, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen mesele hakynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Ferhan hem Eýranly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we Ysraýylyň hüjümleriniň sebitara diplomatiýany bökdeýändigini belledi.

Kataryň Daşary işler ministri Şyh Muhammed bin Abdulrahman Al Sani, wakalara alada bildirýändigini nygtap, dartgynlygyň möwjemeginiň öňüniň alynmagy üçin tagalla edýändiklerini ýatlatdy.

Birleşen Arap Emirlikleri, Oman, Müsür, Iordaniýa, Kuweýt we Yrak hem degişli taraplara ýurtlaryň milli özygtyýarlygyna sarpa goýulmagy üçin çagyryş berdi.

Iordaniýanyň Daşary işler ministri Eýmen as Safedi, ýurdunyň howa giňişliginiň basgylanmagyna egilşik etmejekdiklerini aýtdy.

Yrak, Ysraýylyň hüjümlerinde Yragyň howa giňişliginiň ulanylmagy sebäpli BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine ýüz tutdy.

Palestinaly ýolbaşçylar hem dartgynlygyň çuňlaşmagynyň öňüniň alynmagy üçin çagyryş berdi.

Ysraýyl anna güni ir ertir Eýrana hüjüm guramaga başlady we Eýranyň harby we ýadro desgalaryny nyşana aldy. Ysraýyl tarapyndan guralan hüjümlerde eýranly ýokary derejeli harby ýolbaşçylaryň we alymlaryň ýogalandygy habar berildi.

Anna güni ýary gijä çenli guralan hüjümlerde Tähran, Natanz, Töwriz we Yspyhan ýaly şäherler nyşana alyndy.

Eýran hem “Hakyky wada 3” atly operasiýa başlatdy we düýn gije Tel-Awiw bilen birlikde birnäçe sebiti nyşana aldy. Eýranyň raketalary, Ysraýylyň harby merkezlerini we Goranmak ministrligini we esasan Ysraýylyň “Pengtagony” hökmünde atlandyrlan Kirýa toplumyny nyşana aldy.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us