DÜNÝÄ
1 minut okamak
Watikan: Rim papasy Fransisk aradan çykdy
Ilkinji latyn amerikaly Rim papasy bolan Fransisk, reform tagallalary we saglyk kynçylyklary bilen geçiren 12 ýyllyk ýolbaşçylygyndan soň, 88 ýaşynda aradan çykdy.
Watikan: Rim papasy Fransisk aradan çykdy
21 апреля 2025 г.

Watikan duşenbe güni çap eden wideosy bilen Rim Katolik buthanasynyň ilkinji latyn amerikaly lideri bolan Papa Fransiskiň aradan çykandygyny habar berdi. Bu ýitgi Papa buthanany ýaňadandan guramaga synanyşan mahaly bölünşik we dartgynlyk, ýygy-ýygydan tolgunşykly geçen bir döwüri ýapdy.

Watikan kamerlengosy kardinal Kewin Ferrell: “Şu gün irden sagat 07:35-de Rimiň ýepiskopy Fransisk, Atanyň öýünde aradan çykdy. Tutuş ömrüni Taňra we buthana hyzmat etmek üçin bagyş etdi” diýdi.

88 ýaşyndaky Rim papasy Fransisk, 12 ýyllyk papalygy döwründe dürli saglyk kynçylyklaryny başyndan geçirdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us