Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan, Ysraýylyň Eýrana guran howa hüjümleriniň halkara we sebitara durnuklygyna wehim salýandygyny nygtady.
Prezident Erdogan X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Ysraýyl, sebitimizi esasan Gazany gan kölüne öwürmek we durnuksyzlaşdyrmak strategiýasyny şu gün irden has howply derejä ýetirdi”diýdi.
Goňşy ýurt Eýrana guralan hüjümleri “halkara hukugyna äsgermezçilik edýän açyk prowakasiýa” hökmünde häsiýetlendiren Erdogan, hüjümleriň Ysraýylyň Gazadaky aksiýalaryna garşy halkara jemgyýetçiliginiň edýän basyşynyň artýan döwründe guralandygyna ünsi çekdi.
“Bu hüjümler Netanýahunyň adminstrasiýasynyň halkara hukugyna äsgermezçilik edýändigini görkezýär” diýen Erdogan, Ysraýylyň hüjüm ediji tutumynyň sebiti we dünýäni betbagtçylyga tarap alyp barýandygy dogrusynda duýduryş berdi.
“Goňşymyz Eýrana guralan hyýanatçylykly hüjümleri berk ýazgarýarys”
Halkara jemgyýetçiligine çagyryş beren Erdogan “Halkara jemgyýetçiligi sebitara we halkara durnuklylyga wehim salýan Ysraýylyň bidüzginçilikleriniň gyssagly bes edilmegi üçin işe girişmeli. Netanýahu we gyrgynçylyk topary sebite guraýan hüjümlerini gyssagly bes etmeli” diýdi.
Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň möwjemegine garşy Türkiýäniň berk tutum alyp barjakdygyny nygtan Erdogan, “Ýene-de bir gezek Ýakyn Gündogarda has köp ganyň akmagyny islemeýäris” diýdi.
Erdogan, “Türkiýe hökmünde goňşymyz Eýrana guralan hyýanatçylykly hüjümleri näletleýäris. Hüjümde ýogalanlara Alladan rehnet, ýaralananlara gyssagly şypa dileýäris. Dost we doganlyk ýurt eýranyň halkyna gynanç bildirýäris” diýip belledi.