Howaýollary kompaniýalary Ysraýylyň Ysraýylyň Eýrana guran hüjüminden soň anna güni Ysraýylyň, Eýranyň, Yragyň we İordaniýanyň howa giňişliklerinden çekildiler. Flaghtradar24-iň görkezijilerine görä howaýoly kompaniýalary ýolagçylaryň we ekipažyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin uçuşlary ugrukdyrmaga we bes etmä başlady.
Dünýädäki çaknyşyk zolaklary howaýoly gatnawy we onuň girdejileri üçin howp döretmäge başlady. Ol, şol bir wagtda-da howpsuzlyk taýdan hem aladalary güýçlendirýär.
Awiasiýa howplary boýunça işleýän “Ospreý Flight Solutions” firmasy 2001-nji ýyldan bäri alty söwda uçarynyn ýalňyşlyk bilen urlup düşürilendigini, üç sanysynyň bolsa şol hüjümlerden halas bolandygyny beýan etdi.
Ysraýyl anna güni beren beýanatynda Tähranyň ýadro ýaragyny öndürmeginiň öňüni almak maksady bilen köp tapgyrly hüjmüň başlangyjy hökmünde Eýranyň ýadro desgalaryny, ballistiki raketa zawodlaryny we harby serkerdelerini nyşana alandygyny beýan etdi.
Tel-Awiwdäki Ben Gurion howa menzili ikinji bir bildirişe çenli ýapyldy we Ysraýylyň howa goranyş güýçleri Eýranda guralmagy ähtimal ar alyş hüjümlerine garşy ýokary hüşgärlik derjesine göterildi.
Ysraýylyň esasy howaýoly firmalaryndan El Al Airlines Ysraýyla we Ysraýyldan edilýän uçuşlary bes edendigini habar berdi.
Eýranyň howa giňişliginiň ikinji bildirişe çenli ýapylandygy, döwlet mediasy we uçarmanlara ugradylan habarnamalar bilen beýan edildi.
Eýrana hüjüm guralandygy barada habalar çykanda Emirates, Lufthansa we Air İndia ýaly howaýollaryna degişli käbir gatnawlar Eýranyň üstaşyr amala aşyrylýardy.
Ýewopa we Demirgazyk Amerika edilýän uçuşlar üçin Eýranyň üstaşyr geçýän Air İndia Nýu-Ýorkdan, Wankuwerden, Çikagodan we Londndan uçýan uçuşlar bilen bilelikde birnäçe gatnawyň başga ugurlara gönükdirilendigini ýa-da uçan nokatlaryna dolanandygyny beýan etdi.
“Şertler henizem durnuklaşmady”
Yrak anna güni irden howa giňişligi ýapdy we ähli howa menzillerindäki gatnawy bes etdi. Bu barasynda Yragyň döwlet habar beriş serişdeleri habar berdi.
Yragyň Eýran serhedine ýakyn bolan etraplary dünýäniň iň esasy howa geçelgelerinden biridir. Ýewropa bilen Aýlagyň arasydna Aziýadan Ýewropa gidýän ugurlarda şol bir wagtda onlarça uçuş bu sebitden geçýär.
Uçuçlar, gatnaw seljeriş görkezijilerine görä Orta Aziýanyň ýa-da Saud Arabystanynyň üstaşyr ugrukdyrylmaga başlandy.
Ysraýyl bilen Yragyň arasynda ýerleşýän Iordaniýa Ysraýylyň hüjümlere başlamagyndan birnäçe sagat soň howa giňişligini ýapdy.