TÜRK DÜNÝÄSI
1 minut okamak
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny gurady
Şäheriň ikinji tapgyryndaky desgalaryň gurluşygy barada maglumat alan Türkmen hakynyň Liderine bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegine 50-den gowrak ýerli kompaniýanyň gatnaşýandygy mälim edildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny gurady
Gurbanguly Berdimuhamedow / TRT Turkmen
April 11, 2025

Arkadag şäherinde gaýtadan dikeldilýän çeşmeler arkaly elektrik energiýasyny öndürmek we suwlary täzeden ulanmaga gönükdirilen ulgamlaryň ornaşdyrylmagyna degişli taslamalara maliýe serişdelerini çekmek maksady bilen degişli guramalar bilen hyzmatdaşlyk edilýändigi habar berildi.

Saparyň dowamynda Türkmen halkynyň Liderine "Ahalteke Atlary Köçesi" taslamasy barada gem maglumat berildi. Taslama barada çykyş eden ýolbaşçylar, türkmen halkynyň milli buýsanjy hasaplanýan meşhur ahalteke atlarynyň heýkelleriniň bellenen nokatlara ýerleşdiriljekdigini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şeýle hem Arkadag şäherinde gurluşygy dowam edýän metjit hakynda maglumat aldy. Metjitde bir wagtyň özünde 30 müň adamyň ybadat etmegi üçin mümkinçiligiň dörediljekdigi, şeýle-de aýal-gyzlar üçin 5 müň orunlyk bölümiň boljakdygy habar berildi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us