Saglygy goraýyş işgärleri söweş sebäpli uly ýitgi çekýän Gazada Ysraýylyň guran soňky hüjümlerinde azyndan 54 palestinalynyň öldürlendigini we onlarça adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Çarşenbe güni Ysraýyl tarapyndan Gazanyň Tuffah etrapçasynda gaçybatalga öwrülen mekdebe guralan bombaly hüjümde azyndan 16 adam ýogaldy.Birnäçe adamyň hem harabalygyň aşagynda galandygy bellenildi.
Ysraýylyň şol gün Gazanyň merkezindäki Bureiži bosgun düşelgesindäki mekdebe guran hüjüminde hem azyndan 33 adamyň ýogalandygy, 73 adamyň hem ýaralanandygy bellenildi.
Gazadaky hökümetiň metbugat gullugynyň görkezijilerine görä, Ysraýylyň harby goşuny tarapyndan 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda başladan söweşinde azyndan 234 gaçybatalga nyşana alyndy.
Ysraýylyň Gazanyň Wahda köçesindäki bazara guran başga bir hüjüminde hem 22 adamyň ýogalandygy nygtaldy.
Ýogalanlaryň arasynda birnäçe çaganyň we bir žurnalistiň bardygy ýatladyldy.
Ysraýylyň 2023-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri guraýan hüjümlerinde 52 müň 600-den gowrak adam ýogaldy.
Halkara Jenaýat kazyýeti geçen ýylyň noýabr aýynda Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamiň Netanýahu bilen ozalky Goranmak ministri Gallandyň Gazada edýän harby jenaýatlary sebäpli tussag edilmegi barada karar kabul edipdi.
Ysraýylyň Gaza guraýan harby hüjümleri we edýän genosidi sebäpli Halkara Adalat diwanynda hem iş gozgalypdy.