Ukrainanyň parlamenti ýurduň mobilizasiýa we harby düzgün ýagdaýyny ýene-de 90 gün uzaltjak iki kanun taslamasyny tassyklady.
Ukrainanyň deputaty Ýaroslaw Železnýak, çarşenbe güni Telegram hasabyndan beren beýanatynda, mobilizasiýanyň möhlediniň uzadylmagy bilen bagly kanun taslamasynyň 346, harby dolanşyk ýagdaýynyň uzadylmagy bilen bagly kanun taslamasynyň bolsa 347 ses bilen kabul edilendigini habar berdi.
Ýaroslaw Železnýak, iki kanun taslamasynda diňe 1 adamyň garşy ses berendigini beýan etdi.
Sişenbe güni Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý tarapyndan parlamente hödürlenen iki kanun taslamasy, ýurtda harby dolanşyk ýagdaýynyň 9-njy maýdan 6-njy awgusta çenli uzadylmagyny özü düzüminde jemleýär.
Kanun taslamalar bilen baglanşykly Russiýanyň hökümediniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Ukrainanyň durnuksyz ýagdaýyny goramaga synanyşýandygyny öňe sürdi.
Peskow Moskwada metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Kiýew režimi henizem öz adyndan islendik gepleşik geçirmek üçin ygtyýary ýok. Ukrainanyň prezidenti üçin munuň resmi taýdan gadagan edilendigini bellemelidiris” diýdi.
Zelenskiý Russiýanyň 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda Ukraina garşy “ýörite harby operasiýa” başladylmagyndan soň ilki bilen harby dolanşyk ýagdaýyny we umumy mobilizasiýany yglan edipdi.
Şol kanun taslamalarynyň möhledi şol wagtdan bäri ençeme gezek uzadyldy.