ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi üçin sişenbe güni Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşyp biljekdigini aýtdy. Tramp çaknyşýan taraplaryň arasynda “belli emlaklaryň paýlaşylmagy” meselesinde gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.
Amerikaly ýolbaşçylar, resmi Waşingtonyň Saud Arabystaynda geçirlen gepleşiklerden soň hödürlän atyşyň bes edilmegi baradaky teklibiň Kiýew tarapyndan kabul edilmegi bilen birlikde, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda birnäçe hepdäniň dowamynda ylalaşyk gazanylmagyna garaşýar.
Tramp, Air Fose One de metbugata beren beýannamasynda, “Topraklar we energetika meselesi hakynda pikir alyşarys”diýdi.
ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, “Ukrainaly we Russiýaly wekiller bu meseleleriň esasy bölegi hakynda pikir alyşdy. Käbir emlaklaryň paýlaşylmagy meselesi boýunça hem gepleşikler dowam edýär” diýdi.
ABŞ bilen Ukrainanyň Ýewropadaky hyzmatdaşlary Moskwanyň atyşyň bes edilmegini kabul etmegi üçin tagalla edýär, beýleki tarapdan Putiniň anyk jogap bermegiň ýerine käbir şertleri öňe sürmegi käbir kynçylyklary gün tertibine getirdi.
Trampyň Ukrainadaky çaknyşyklardan jogapkär ýokary wekili Stewe Witkoff, ýaňy ýakynda Putin bilen birnäçe sagat dowam eden duşuşygyndan soň CNN-e beren beýannamasynda “Iki lideriň şu hepde oňyn duşuşyk geçirjekdigine ynanýaryn” diýdi.
Trampyň etaba uly ynam bildirýändigini nygtan Witkoff, “Öňümizdäki hepdelerde ylalaşyk gazanylmagyna garaşýarys”diýdi.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý bolsa şenbe güni Kremli söweşiň bes edilmegini islemezlikde günäkärledi we Moskwanyň atyşyň bes edilmegini kabul etmezden öň front liniýasyndaky pozisiýasyny güýçlendirmek isleýändigini nygtady.
Rubio-Lawrow duşuşygy
Resmi Moskwa tarapyndan berlen beýannamada, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň rus kärdeşi Sergeý Lawrowa telefon edip geçen aý Saud Arabystanynda geçirlen ABŞ-Russiýa sammitinde gazanylan ylalaşygyň ýerine ýetirlişi boýunça pikir alyşandygy nygtaldy.
Fewral aýynda Saud Arabystanynda geçirlen maslahat, Moskwanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina garşy başladan söweşinden soň ABŞ bilen Russiýanyň arasynda ilkinji gezek geçirlen ýokary derejeli gepleşik boldy.
Russiýanyň Daşary işler ministrligi, “Sergeý Lawrow bilen Marko Rubio ýakyndan aragatnaşyk saklamak boýunça ylalaşyk gazandy” diýip beýannama berdi.
Beýannamada, ABŞ-nyň atyşygyň bes edilmegi üçin beren teklibi hakynda bolsa hiç hili maglumat berilmedi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Tammy Bruce bolsa şenbe güni beren beýannamasynda “ABŞ bilen Russiýa ýakyndan aragatnaşyk saklamaga dowam eder” diýdi.