Eýsem, Bolliwud musulmanlaryň wekilçiligini, Hindistanyň özgerýän jemgyýetçilik we syýasy panoramasyny nähili suratlandyrýar?
1959-njy ýylda Ýaş Çopra atly ýaş režisýor ilkinji filmi “Dholl Ka Pholly” efire berýär. Şol filmde möhüm ýüzlenmeleri özünde jemleýän bir aýdym bardy.
Ol, “Ne hindi ne-de musulman hökmünde kemala gel; adam bolup ýetiş” diýmegi aňladýar.
Bu pikir şol wagtky Hindistanda möhümdi. Ýurt dini sebäpli territoriýa bölünşiginden ýaňy halas bolýardy. Çoparanyň filmi taşlanan hindi çagasyna seredýän musulmanyň durmuşyny gürrün berýärdi. Dini arkalaşygyň oňyn taraplaryny suratlandyrýar.
Soňky 20 ýylyň dowamynda ençeme hindi filmi musulmanlary hindi jemgyýetiniň aýrylmasyz bölegi hökmünde görkezdi. 1977-nji ýylda meşhur filmlerden “Amar Akbar Antoni” dini tapawutlykdan peýdalandy. Tapawutly dini ynançlar bilen kemala getirilen üç doganyň başdan geçirenlerini gürrüň berýärdi. Doganlar; hindi, yslam we hristiýanlyk, diňe ynsanlyklary bilen jebisleşipdi.
Balliwudyň musulmanlary teswir ediş usuly üýtgemäge başlady.
1992-nji ýylyň 6-njy dekabrynda möhüm waka bolup geçýär. Şol gün taryhy metjitlerden biri hindi milletçileri tarapyndan ýakylýar. Babri metjidiniň ýakylmagy jemgyýetçilik dartgynlyga sebap bolýar we hindi milletçilerine meçew berdi. Ol, kino-filmleriň musulmanlary teswir ediş görnüşine hem täsir ýetirdi.
1992-nji ýyldan soň kino-filmler musulmanlary başgaça şekillendirmäge başlady. Indi olar duşman ýa-da milli howpsuzlyga wehim hökmünde teswir edilýärdi. 1992-nji ýylda düşürilen “Roža” filmi bu täze stereotipleri hödürlän ilkinji filmlerde biri bolýar.
Wagtyň geçmegi bilen ýaramaz şekillendirmeleri güýçlendirýän filmleriň sany artýar. “Sarfaroş” we “Fanaa” ýaly fimler şol trendi dowam etdirýar. Ol diňe bir hereketli filmlere mahsus däldi: ümsümlik bilen beýleki žanrlarda-da görülýärdi. Mysal üçin “Fanaa” Hindistana garşy hüjümleri meýilleşdirýän kaşmirli pitneçä aşyk bolan kör kaşmirli zenan hakyndaky söýgi filmidi.
2014-nji ýylda Hindistanda saýlawlarda hindi milletçisi syýasy partiýalardan biri üstün çykýar. Şondan soň filmler belli ideologiýalary hasam aç-açan tanyşdyrmaga başlaýar. “Padmawat” we” “Tanhaži” atly taryhy filmler musulmanlaryň taryhy gahrymanlaryny ýaramaz teswir edýär.
Soňky ýyllarda musulmançylyga garşy mazmunly filmler hökümetden güýçli goldaw aldy. Mysal üçin “De Kaşmir Faýls” we “De Kerala Stori” üçin kino-filmiň petekleri tomaşaçylary çekmek üçin BJP-niň höküm sürýän welaýatlarynda salgytdan boşaldy. “De Kaşmir Faýls” hindileriň Jammu-Kaşmirden göçüşini gürrüň berýän bolsa, “De Kerala Stori” DEAŞ-a gulluk etmek üçin adam ogurlygyna sezewar bolan zenanlar hakynda.
Filmleriň musulmanlary keşplendirme usulyndaky bu üýtgetme aladalandyryjy. Kino-filmler diňe bir güýmenje däl; adamlaryň jemgyýetdäki gymmatlylary hakynda pikirleniş usullaryny ugrukdyryp bilýär. Sorag şeýle: Bolliwud bu ugurda dowam edermi, ýogsam altyn asyryň gurşaýyjy ruhuna dolanarmyka?
“Amar Akbar Antonidäki” halanýan Akbar ýaly keşpleriň ekranlarymyza dolanyp dolanmajakdygy wagt görkezer. Emma anyk bir zat bar-kinonuň, jemgyýetiň garaýyşyny ugrukdyrma güýji hemişekisi ýaly dowam edýär.
Bölümiň soňuna geldik. Bizi diňläniňiz üçin minnetdar. Ýene-de görüşýänçä sag boluň! Bu podkast Nilosri Biswasyň TRT World üçin ýazan analiziniň esasynda taýýarlandy.