SYÝASAT
4 minut okamak
Lawrow Russiýanyň Ukraina meselesinde ylalaşyga taýýardygyny aýtdy
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow: "Henizem käbir anyklamaly meseleler bar. Şolaryň üstünde işleýäris”
Lawrow Russiýanyň Ukraina meselesinde  ylalaşyga taýýardygyny aýtdy
Lawrow Russiýanyň Ukraina meselesinde ylalaşyga taýýardygyny aýtdy / Reuters
April 25, 2025

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow penşenbe güni beren beýanatynda Moskwanyň Ukraina bilen dowam edýän uruş boýunça ylalaşyk gazanmaga taýardygyny aýtdy. Onuň bu beýanaty Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine hüjümleri duruzmak baradaky çagyryşynyň yzýanyna gabat geldi. Trampyň bu çagyryşy birnäçe aý bäri Kiýew şäherine edilen iň pajygaly hüjümlerden edilen seýrek tankyt hökmünde ünsleri özüne çekdi.

Lawrow “CBS News” teleýaýlymyna beren interwýusynda şeýle diýdi: “Biz ylalaşmaga taýýar, ýöne entek çözülmeli käbir meseleler bar. Biz häzirki wagtda şolaryň üstünde işleýäris.”

Trampyň ýörite wekili Stiw Witkoffyň anna güni Russiýa baryp, Prezident Putin bilen atyşygy bes etmek hakynda gepleşik geçirmegine garaşylýar. Lawrow gepleşik tapgyrynyň netijelidigini we Waşington bilen gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Lawrow şeýle diýdi: “Prezident Tramp belkem bu ýagdaýyň esasy sebäplerine garalmalylygyny kabul edýän dünýädäki ýeke-täk liderdir. Ýöne Tramp ylalaşygyň jikme-jik detallaryny aç-açan beýan etmedi.”

Tramp Penşenbe güni irden, Kiýew şäherine edilen raketa we dron hüjümlerinden soň — hüjümleriň azyndan 12 adamyň ölmegine sebäp bolmagyndan soň — Putine gönükdirilen açyk çagyryş bilen çykyş etdi. Bu hüjümler Trampyň gan dökülmegini gysga wagtda bes etdirmek boýunça synanyşyklaryna garamazdan, Russiýanyň asuda ilaty nyşana alan howa zarbalaryndan biri boldy.

Tramp sosial mediada şeýle ýazdy: “Men rus hüjümlerinden hoşal däl. Bu hüjümler gereksiz we guralan wagty hem örän ýerliksizz. Wladimir, DUR!”

Russiýa bilen gatnaşyklarda ýumşak pozisiýa eýeleýändigi sebäpli tankyt edilýän Tramp Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýni hem ýygy-ýygydan tankyt edip gelýär.

Tramp žurnalistler tarapyndan “Moskwa urşy gutarmak üçin nähili eglişik eder?” diýlen soraga şeýle jogap berdi: “Tutuş ýurduň eýelemekden el çekmek — bu örän uly bir egilşikdir.”

Krym Meselesi

Zelenskiý Kiýew şäherine edilen soňky hüjümlerden soň, Günorta Afrikadaky saparyny tamamlaman yurduna dolandy. Beren beýanatynda Putin bilen doly we şertsiz ylalaşyk gazanmak üçin hyzmatdaş ýurtlaryň ýeterlik tagalla edip-etmeýändigine şübhe bildirdi.

Zelenskiý şeýle diýdi: “Men Russiýa garşy güýçli basyş ýa-da täze sanksiýa toplumyny göremok. Tramp eger uruş bes edilmese onuň netijeleri bolar diýip, Moskwa duýduryş beripdi.”

Tramp Çarşenbe güni eden çykyşynda Zelenskiýni Russiýanyň Krym baradaky hukuky talaplaryny ykrar etmekden ýüz öwürendigi üçin parahatçylyk tagallalaryna päsgelçilik döredýär diýip ýazgarypdy. ABŞ-nyň Prezidenti şeýle diýdi:
“Krym birnäçe ýyl ozal elden gidirildi.”

Moskwa 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny öz düzümine goşupdy. Zelenskiý bolsa Krym baradaky soraga jogap hökmünde şeýle diýdi: “Hyzmatdaşlarymyzyň teklip edýän zatlarynyň ählisisini ýerine ýetirýäris, diňe Konstitusiýamyza we kanunlarymyza ters gelýän zatlary ýerine ýetirip bilemizok.”

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte bolsa penşenbe güni şeýle beyanat berdi:
“Gepleşiklerde öňegidişlik etmeli tarap Kiýew däl, Moskwadyr.”
Ol Tramp bilen Ak Tamda geçiren duşuşygynyň yzýany žurnalistlere şeýle diýdi:
“Top indi aç-açan Russiýanyň meýdançasynda.”

 “Harabalygyn aşagyndan çykaryldylar”

Russiýa çarşenbe güni gije we penşenbe irden Ukraina garşy azyndan 70 raketa we 145 dron bilen hüjüm geçirdi. Ukrainanyň harby howa güýçleriniň berýän maglumatlaryna görä hüjümleriň esasy nyşanasy Kiýew şäheridi.

Ukrainanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet gullugy beren beýanatynda: “Ýerli wagt bilen sagat 17:30-da (14:30 GMT), Kiýewiň Swaýatoşin etrabynda ölenleriň sany 12-ä ýetdi, ýaralananlar bolsa 90 adam”diyip, habar berdi.

Gulluk şeýle hem Russiýanyň raketaly ýangyç we dari öndürýän zawodlar bilen Ukrainanyň goranyş senagatyny nyşana alandygyny beýan etdi.

Lawrow hüjümler bilen bagly soraga şeýle jogap berdi: “Biz diňe harby pozisiýalary ýa-da harby maksatlar üçin ulanylýan raýat desgalaryny nyşana alýarys. Eger bu ýer Ukrainanyň goşuny tarapyndan ulanylýan bolsa, Goranyş ministrligi we serkerdeler şol pozisiýalara hüjüm etmäge ygtyýarlydyr.”

Ukraina, Russiýanyň soňky üç ýylda dowam edýän hüjümlerinde howa zarbalaryndan kösenýär, ýöne güýçli howa goranyşy bolan Kiýew şäherine edilen hüjümler has seyrek.

Prezident Zelenskiý Russiýanyň bu hüjümlerde Demirgazyk Koreýada öndürilen ballistiki raketalary ulanandygyny aýtdy. Kiýewde ýaşaýan 33 ýaşly aklawçy Olena Dawidýuk “AFP” agentligine beren beýanatynda şeýle diýdi: “Penjireler döwüldi, gapylar aýerinden çykdy. Adamlar harabaçylygyň içinden çykarylýardy.”

Zelenskiý bu hüjümlerden soň çykyş edip, Russiýanyň penşenbe güni Ukrainanyň pozisiýalaryna garşy guryýerden  hüjümlerini hem güýçlendirendigini aýtdy. Zelenskiý X platformasyndaky (öňki Twitter) beýanatda şeýle diýdi: “Esasam russiýalylar uly hüjümlerden peýdalanyp, ýerüsti hüjüme geçmäge synanyşdy. Güýçlerimiziň esasy bölegi raketa we dron hüjümlerinden goranmaga gönükdirilen mahalynda ruslar gury ýerden hüjümlerini eslije güýçlendirdi.”

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us