Prezident R. T. Erdogan, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren telefon söhbetdeşiginde, Türkiýäniň Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky hüjümleriň bes edilmegi üçin geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerine töwellaçylyk etmäge we ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýardygyny aýtdy.
Prezident Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegi üçin edilýän tagallalarda taryhy öwülşik nokadyna ýetilendigini nygtady we parahatçylylygyň ýola goýulmagy üçin bu pursatdan ýerlikli peýdalanylmalydygyny belledi.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan ýekşenbe güni berlen beýannama görä, Erdogan “Türkiýe hüjümleriň bes edilmegi we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin gepleşiklere ýer eýeçiligini etmäge we ähli taraplaýyn goldaw bermäge taýar” diýdi.
Prezident Erdogan, parahatçylyk gepleşikleriniň başlamagy we Ukraina söweşiniň bes edilmegi etabyna goldaw bermek meselesinde Fransiýa bilen edilýän ýakyn hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.
Erdogan bilen Makron telefon söhbetdeşliginde özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşdy.
Putin bilen geçirlen telefon söhbetdeşligi
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Prezident R. R. Erdogan, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Erdogan Putiniň, Russiýa-Ukraina gepleşikleriniň Stambulda galan ýerinden dowam etdirilmegi baradaky beýannamasyna kanagatlanma bildirdi.
Erdogan, Türkiýäniň Ukraina-Russiýa söweşiniň bes edilmegini ýola goýjak gepleşiklere ýer eýeçiligini etmäge taýardygyny aýtdy.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, penşenbe güni Moskwa bilen Kiýewiň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň Stambul şäherinde gaýtadan başlamagyny teklip etdi.
Çaknyşyklaryň bes edilmegi üçin uly tagalla edýän Erdogan, birnäçe gezek Türkiýäniň parahatçylyk gepkleşiklerine ýer eýeçiligini etmäge taýardygyny nygtapdy.
Türkiýe hem Russiýa hem-de Ukraina bilen ýakyndan gatnaşyk edýär.
Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda, Moskwanyň Ukrainada atyşygyň bes edilmegini duşenbe güni doly tassyklan halatynda ýurdunyň Russiýa bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmäge taýardygyny nygtady.