Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunyň anna güni beren beýannamasyna görä, Prezident R. T. Erdogan şu gün DKTR-na gider.
Altun X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde DKTR-nyň Prezidentiniň, Jemhuriýet Mejlisiniň, Premýer-ministrligiň we Millet bagynyň ýerleşýän kompleksiniň açylyşyna we TEKNOFEST-iň baýrak gowşurlyş dabarasyna gatnaşar.
Prezident Erdoganyň şeýle hem DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar bilen duşuşyp, Kipr meselesi, özara gatnaşyklar we halkara meseleler hakynda pikir alyşjakdygy nygtaldy.
Onlarça ýyldan bäri dowam edýän Kipr meselesi
Kipr, BMG-nyň giň gerimli çözgüt üçin tagalla edýändigine garamazdan, grek we türk taraplarynyň arasynda onlarça ýyldan bäri dowam edýän düşnüşmezlik bolmagynda galýar.
1960-njy ýyllaryň başlarynda başlan etniki hüjümler, kiprli türkleriň howpsuzlyk sebäpli öz sebitlerine çekilmegine sebäp boldy.
1974-nji ýylda grekleriň adany Gresiýa bilen birleşdirmek maksady bilen eden agdarlyşygy sebäpli Türkiýe hemaýatkär ýurt hökmünde türkleri goramak üçin harby taýdan garşylyk görkezmeli bolýar. Şeýlelikde 1983-nji ýylda DKTR gurulýar.
Soňky ýyllarda 2017-nji ýylda Türkiýe, Gresiýa we Britaniýa ýaly hemaýatkär ýurtlaryň gözegçiliginde parahatçylyk etabynyň gaýtadan başladylmagy meselesi gün tertibine getirildi. Emma Şweýsariýada geçirlen gepleşikler netijesiz boldy.
Kipriň grek bölegi 2004-nji ýylda ÝB-ne agzalyga kabul edildi. Kipriň grek bölegi BMG-nyň uzak ýyllardan bäri dowam edýän düşnüşmezligiň ortadan aýrylmagy baradaky meýilnamasyna hem garşy ses berdi.