NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte, penşenbe güni Türkiýäniň Ukraina bilen Russiýanyň arasynda geçiriljek parahatçylyk gepleşiklerinde uly rol oýnaýandygyny nygtady.
Rutte guramanyň çäginde başdan geçirilýän düşnüşmezliklere garşy birlikde hereket edilmeginiň möhümdigini belledi.
NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte, gurama agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň gatnaşmagynda nobatdan daşary ýagdaýda Antalýada geçirilýän maslahatyň çäginde beren beýannamasynda “Türkiýe bu ýerde uly rol oýnaýar. Sebäbi Türkiýe degişli taraplar bilen ýakyndan gatnaşyk edýär” diýdi.
Rutte, Türkiýäniň Ukrainanyň we Russiýanyň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegi üçin uly tagalla edýändigini ýatlatdy.
Antalýada geçirilýän NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatynda Ukraina, ýarag hyzmatdaşlygy we senagat önümçiligi ýaly birnäçe meseläniň seljerilmegine garaşylýar.
Beýleki tarapdan ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio, penşenbe güni Prezident Donald Trampyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň bes edilmegi üçin edilýän tagallalara goldaw berjekdiklerine ünsi çekendigini belledi.
Rubio Antalýada geçirilýän maslahatyň öňüsyrasynda beren beýannamasynda, ABŞ-nyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda birnäçe günüň dowamynda ylalaşyk gazanmagyny isleýändigini nygtady.