DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen tebigy apatlarda ýogalanlaryň sany 19 adama ýetdi
Sebitleýin Apat dolanşygy guramasy halka ýaramaz howa şertleriň täsirinden goranmak üçin howpsuz ýerlerde galmaklary barada çagyryş berdi.
Pakistanda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen tebigy apatlarda ýogalanlaryň sany 19 adama ýetdi
9 hours ago

Pakistanyň demirgazyk we günorta-günbatar sebitlerinde şenbe güni täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalanlaryň sany 19 adama ýetdi. 90-dan gowrak adam bolsa ýaralandy.

Demirgazyk-gündogardaky Penjap we demirgazyk-günbatardaky Pahtunhwa welaýatlarynda täsirli bolan aşa ýagan ýagyşlar bilen birlikde şeýle hem güýçli şemal boldy we ýyldyrymlar çakdy.

Penjap welaýatynyň Apat dolanşyk edarasynyň habar bermegine görä, 19 adam pidasynyň ählisi Penjap welaýatynda hasaba alyndy.

Ýogalanlaryň aglabasy Penjap welaýatynyň paýtagty Lahor şäherinde bolan hem bolsa, käbir adam ýitgileri Jehlum, Sialkot we Mazaffargah sebitlerinde boldy.

Howa şertleriniň ýaramazlygy we pes görüş sebäpli ýollaryň aglabasy ulaglar üçin ýapyldy.

Haýber Pahtunhwa welaýatynda güýçli ýagyş we tupan infrastruktura we ekin meýdanlaryna zeper ýetirdi. Mundan başgada agaçlar, elektrik diregleri we bildiriş tagtalary ýykyldy.

Anna güni meteorologiýa gullugynyň resmileri Penjap we Haýber Pahtunhwa welaýatlarynyň käbir ýerlerinde güýçli şemalyň, tozanly tupanyň we ýagyşyň bolup biljekdigi barada duýduryş berdiler.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us