ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkeziniň howa menzillerindäki barlag gullugy, Hytaýda wirusyň ýaýramagydan soň Aziýanyň birnäçe sebitinde COWID-19-yň NB.1.8.1 görnüşiniň anyklanandygyny mälim etdi.
JBS Nýusyň penşenbe güni beren habaryna görä, ABŞ-nyň Keselleriň öňüni alyş we gözegçilik merkezine degişli Ginkgo Bioworksdan alynan maglumatda Kaliforniýa, Waşington, Wiržiniýa ştatlarynda we Nýu Ýok şäherindäki howa menzillerine gelen halkara ýolagçylaryň arasynda NB.1.8.1 görnüşine gabat gelinendigi nygtaldy.
Global Influenza Maglumat bileleşiginiň maglumatlar bazasyndaky görkezijilere görä, koronawirusyň NB.1.8.1 görnüşine Ýaponiýa, Günorta Koreýa, Fransiýa, Taýland, Gollandiýa, Ispaniýa, Wýetnam, Hytaý we Taýwan ýaly birnäçe ýurtdan gelen ýolagçylarda gabat gelindi.
Görkezijilere görä, şol ýolagçylar aprel aýynyň 22-si bilen maý aýynyň 12-si aralygynda barlagdan geçirildi.
Täze görnüşiň ýaýramak howpy has ýokary
Ohaýo, Roýd-Aýlende we Gawaýi ýaly beýleki ştatlaryň saglygy goraýyş işgärleri hem howa menzillerinden daşary başga ýerlerde geçiren barlaglarynda NB.1.8.1 görnüşine gabat geldi.
Kaliforniýa we Waşington ştatlarynda täze görnüşiň mart aýynyň ahyrynda we aprel aýynyň başynda anyklanandygy nygtaldy.
Häzirki wagtda Hytaýda çalt depginde ýaýraýan koronawirusyň NB.1.8.1 görnüşi Gonkong we Taýwan ýaly Aziýanyň beýleki sebitlerinde bejergi astyna alynanlaryň sanynyň köpelmegine sebäp boldy.
Täze görnüşiň has agyr kesellere sebäp bolmaýandygy aýdylsada, resmiler köp adamly ýerlerde maska dakmagy maslahat berýär, sanjym hem-de bejergi serişdeleriniň üpjünçiligini artdyrýar.