SYÝASAT
2 minut okamak
Afrika Bileleşigi, Sudanyň bölünip bilinjekdigi barada duýduryş berdi.
Sudanyň harby goşuny bilen HDK güýçleriniň arasyndaky söweş 2 ýyla golaý wagt bäri dowam edýär.
Afrika Bileleşigi, Sudanyň bölünip bilinjekdigi barada duýduryş berdi.
March 13, 2025

Afrika Bileleşigi, çarşenbe güni beren beýannamasynda, söweşiň penjesindäki Sudanda yglan edilen paralel hökümetiň ýurduň bölünmegine sebäp bolup biljekdigini nygtady.

Sudanyň harby goşuny bilen HDK güýçleriniň arasyndaky çaknyşyklar, on müňlerçe adamyň ýogalmagyna we 12 milliondan gowrak adamyň öýüni terk etmegine sebäp boldy.

BMG bu wakany Afrikada “deňi taýy görülmedik gumanitar krizis” hökmünde häsiýetlendirýär.

Harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasyndaky söweş, ilki HDK güýçleriniň harby goşuna utgaşyklygy meselesindäki düşnüşmezlikler bilen başlan bolsada, ýurdy dolulygyna iki bölege böldi.

Sudanyň harby goşuny gündogar we demirgazyk sebitlerine gözegçilik edýär, HDK bolsa Darfuryň günbataryna we günortada käbir sebitlere gözegçilik edýär.

Geçen aý HDK bilen hyzmatdaşlary, Naýrobide paralel hökümet gurandyklaryny yglan etdi.

Afrika Bileleşigi, bu başlangyjy ýazgaryp, şuňa meňzeş hereketiň ýurduň bölünmegi taýdan howplydygyny mälim etdi.

AFP-nyň berýän habaryna görä, ylalaşyga gol goýanlar pitneçileriň gözegçiligindäki sebitlerde “parahatçylyk we jebislik” hökümetini gurmagy maksat edinýär.

Mart aýynyň başynda HDK bilen hyzmatdaşlary Naýrobide “Wagtlaýyn konstitutsiýa” ady bilen başga bir resminama gol çekişipdi.

Afrika Bileleşigi, ähli agza döwletlere we halkara guramalara çagyryş berip, “Sudan Respublikasynyň haýsydyr bir sebitinde hökümet gurandygyny öňe süren paralel hökümeti ykrar etmezliklerini” isledi.

Beýannamada şeýle hem Afrika Bileleşiginiň “Sudandaky kagyz ýüzündäki hökümeti ýada paralel ulgamy ykrar etmeýändigi” bellenildi.

Sişenbe güni ÝB hem ýörite beýannama berip, paralel hökümetiň Sudanyň halkynyň demokratik gelejegi taýdan howplydygyny mälim edipdi

Geçen hepde BMG-nyň howpsuzlyk geňeşi hem paralel hökümet boýunça duýduryş beripdi.

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us