DÜNÝÄ
1 minut okamak
Pakistanda mekdep awtobusyna hüjüm guraldy
Pakistanyň günorta-günbatarynda mekdep awtobusyna garşy guralan kamikaze hüjüminde 4 çaga ýogaldy.
Pakistanda mekdep awtobusyna hüjüm guraldy
21 мая 2025 г.

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok, emma ozal bular ýaly görnüşli hüjümler sebitdäki buluç separatistler tarapyndan guralýardy.

Hökümetiň resmileriniň biriniň beren maglumatyna görä çarşenbe güni Pakistanyň günorta-günbataryndaky durnuksyz bir sebitde bir kamikaze hüjümçisiniň mekdep awtobusyny nyşana alan hüjümde azyndan 4 çaga ýogaldy, 38 adam hem ýaralandy.

Ýerli komissaryň orunbasary Ýasir Ikbal, Bulujystan welaýatynyň Kuzdar etrabyndaky terrorçylykly hüjümiň, çagalary şäherdäki mekdepleriň birine alyp gidýän mahaly nyşana alynandygyny habar berdi.

Ýasir Ikbal, hüjüm guralan mahaly awtobusda takmynan 40 çaganyň bolandygyny we şol okuwçylaryň goşun tarpyndan dolandyrylýan mekdepleriň birine barýandygyny mälim etdi.

Pakistanyň Içeri işler ministri Muhsin Nakwi hüjümi berk ýazgardy we çagalaryň ýogalmagy sebäpli çuňňur gynanjyny bildirdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us