DÜNÝÄ
2 minut okamak
Germaniýa: Ukraina urşy döwründe Nord Streami ýaňadandan işjeňleşdirmek ‘nädogry’ bolar
Germaniýanyň Energetika ministri Ýewropanyň energiýa geçmegi dowam edýärkä, rus gazyna bolan garaşlylygyň geçmişde galmagynyň zerurdygyny belläp, Nord Stream gaz geçirijisini ýaňadandan işledip başlamagyň nädogry boljakdygyny beýan etdi.
Germaniýa: Ukraina urşy döwründe Nord Streami ýaňadandan işjeňleşdirmek ‘nädogry’ bolar
Germaniýa / TRT Global
March 18, 2025

Germaniýanyň ykdysadyýet we energetika ministri rus gazyny ýaňadandan akdyrmaga başlamak üçin Nord Stream gaz geçirji liniýalaryny işledip başlamak bilen bagly gepleşikleriň dolulygyna ýalňyş bir çemeleşmedigini belledi.

Nord Stream turbalary Russiýanyň gazyny Ýewropa akdyrmak üçin iň uly mümkinçilikleriň biri bolup durýar.

Nord Stream 1 turba geçirijisi 2011-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli Ýewropany gaz bilen üpjün etdi.

11 milliard dollar gymmadyndaky Nord Stream 2 taslamasy, 2021-nji ýylda gurlup tamamlandy, emma Russiýanyň Ukraina garşy urşunyň öňüsyrasynda Germaniýa bu plany togtadyp, ony işe girizmändi.

Duşenbe güni Baltika deňziniň aşagyndaky turbalaryň täzeden işledilmegi mümkinçiligi barada soralanda, Robert Habek häzirki wagtda beýle mümkinçilik ýok diýip belledi.

Robert Habek Brýusselde metbugat işgärlerine beren beýanatynda: “Ukrainalylar henizem Russiýanyň agressiýasynyň astynda. Şonuň üçin Nord Stream 2 ýa-da Nord Stream 1 turbalarynyň abatlanmagy baradaky gürrüňler dolulygyna nädogry bir çemeleşmedir” diýdi.

Turba geçirjileriň partladylmagy

2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Nord Stream 2 turba geçirjisiniň bir liniýasynda we Nord Stream 1 turba geçirjisiniň iki liniýasynda näbelli partlamalar bolup, olara zeper ýetipdi.

Zeperiň kim tarapyndan amala aşyrylandygy bilen bagly hiç kim öz üstüne jogapkärçilik almady, emma Germaniýanyň öz derňew toparlary ukrainaly suwa çümüjileriň hüjüme goşulandygyny aýtdylar.

Germaniýa onlarça ýyl Russiýanyň gazyna uly derejede garaşly bolupdy, ýöne Norwegiýa Ukraina urşundan soň onuň iň uly üpjünçisi boldy.

Moskwa 2022-nji ýylda Ýewropa gaz üpjünçiligini azaldyp, kontinentde rekord derejede ýokary gaz bahalary bilen energiýa krizisini döretdi.

Habek Germaniýanyň täze hökümetiniň Ýewropanyň Russiýanyň energiýasyna bolan garaşlylygyndan alnan sapaklary ýatdan çykarmagyna alada bildirýär.

Habek: “Germaniýanyň Sosial Demokratlary we Konserwatiw partiýasy Russiýa bolan energiýa garaşlylygyny döretdiler we muny bilgeşleýin etdiler. 2022-nji ýylda alnan sapagyň ýatdan çykarylmagyna alada bildirýärin” diýdi.

Germaniýanyň konserwatiw CDU/CSU we Sosial Demokrat partiýalary täze hökümeti döretmek üçin koalisiýa gepleşiklerine başladylar.

Alpha bank geçen aý beren beýanatynda, Donald Trampyň Ak Tama gaýdyp barmagy, Russiýanyň gaz ägirdi Gazpromyň paýnamalarynyň bahasynyň, ti wagtda Ukrainanyň parahatçylyk ylalaşygynyň Ýewropa gaz eksportynyň ýaňadandna başlanmagyna sebäp bolan umydy bilen dikeldilmegine kömek beripdi.

Emma Ýewropanyň rus gazyna ýaňadandan garaşly bolmak üçin howlukjakdygy bilen bagly hiç hili alamat ýok.

Financial Times gazedi şu aý Putiniň uzak wagdan bäri ýarany bolan biriniň, maýadarlaryň Nord Stream 2-ni täzeden işledip başlatmaklary üçin ABŞ-nda lobbi geçirýändiklerini habar berdi.

Germaniýanyň hökümeti Russiýanyň energiýasyndan garaşsyz bolmak baradaky borçnamasyna ygrarly galýandygyny aýtdy.

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us