Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, ýekşenbe güni Russiýa 30 gün möhlet bilen raýat infrastrukturasyna guralýan hüjümleriň bes edilmegini teklip etdi.
Zelenskiý X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Ukraina, uzak aralykly uçarmansyz howa ulaglary we raketalar bilen raýat infrastrukturasyna guralýan ähli hüjümleriň azyndan 30 gün möhlet bilen bes edilmegini we şol möhlediň uzadylmagyny teklip edýär” diýdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň şenbe güni Pasha baýramy mynasibetli 30 sagadyň dowamynda bir taraply ýagdaýda ot açyşlygyň bes edilendigini beýan etmeginden soň Ukrainanyň Prezidenti, raýat infrastrukturasyna guralýan ähli hüjümleriň azyndan 30 gün möhlet bilen bes edilmegini we şol möhlediň uzadylmagyny teklip etdi.
Zelenskiý hem, Ukraiananyň Russiýanyň atyşygyň bes edilmegi baradaky başlangyjyna oňyn jogap berjekdigini nygtap, “Eger hakykatdan hem atyşyk bes edilen haaltynda biz bu möhlediň uzadylmagyny teklip edýäris” diýdi.
Ot atyşlygy bes etmek Moskwa wagty bilen sagat 18.00-da başlady we duşenbe güni ýary gijä çenli dowam eder.
Emma iki tarap hem biri-birini düzgünleri bozmakda günäkärledi.
Mesele hakynda maglumat beren Zelenskiý, Russiýanyň Putiniň yglan eden düzgünlerini 2 müň gezek bozandygyny öňe sürdi.
Zelenskiý “Russiýa atyşygy bes etmek baradaky wadasynda durmady. Pasha baýramyndan başlap 30 günüň dowamynda atyşygy bes etmek baradaky teklibimize Russiýanyň beren jogaby ýeterlik bolmady” diýdi.
Ukrainanyň Prezidenti “Russiýanyň bu teklibi ret etmegi diňe ynsanlaryň ýogalmagyna sebäp bolýan we söweşi uzaldýan hereketlerini dowam etdirmek niýetiniň subutnamasy bolar” diýdi.