Türkiýe bilen Kataryň arasynda baglaşylan ynsanperwer kömek tagallalaryny artdyrmagy maksat edinýän şertnama, Prezident R. T. Erdoganyn tassyklamagyndan soň resmi gazetde çap edilmek bilen güýje girdi.
2024-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Ankarada Türkiýe Respublikasynyň hökümeti bilen Katar döwletiniň hökümetiniň arasynda ynsanperwer kömekler boýunça baglaşylan şertnama resmi gazetde çap edilmek bilen güýje girdi.
Sekiz ugry öz içine alýan şertnama, iki ýurduň umymy maksadyny görkezýär.
Şertnamanyň çäginde Türkiýe bilen Katar, kömege mätäç üçünji ýurtlara ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin hyzmatdaşlyk eder.
Baglaşylan şertnama bilelikdäki tagallalary hem öz içine alýar: hökümetleriň arasyndaky ynsanperwer kömekler, resminamalar we arhiw babatda hyzmatdaşlyk, media we aragatnaşyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk, 2025-2026-njy ýyllary üçin ýaşlar we sport üçin ýerine ýetirji maksatnama, halkara ýolagçy we ýük daşamak, söwdany ýeňilleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk, tehniki we harby hyzmatdaşlyk.