DÜNÝÄ
1 minut okamak
“Meta” “Scale AI” bilen 10 milliard dollardan gowrak möçberde ylalaşyk baglaşmagy meýilleşdirýär
“Meta” “Scale AI” kärhanasyna milliardlaçra dollarlyk maýa goýmak üçin gepleşikleirni dowam etdirýär, emma gutarnykly şertleriň häzirki wagtda hem ara alnyp maslahatlaşylýandygy habar berildi.
“Meta” “Scale AI” bilen 10 milliard dollardan gowrak möçberde ylalaşyk baglaşmagy meýilleşdirýär
8 de junho de 2025

Bloomberg News tarapyndan ýekşenbe güni berlen habara görä, Meta Platforms emeli aň platformasy Scale AI kärhanasyna, 10 milliard dollardan geçip biljek maýa goýmak üçin gepleşikler geçirýär.

Meselä ýakyn adamlara salgylanyp berlen habarda, şertnamanyň şertleriniň entek gutarnykly däldigi we üýtgäp biljekdigi mälim edildi.

“Scale AI” teswir bermekden saklandy, Meta bolsa “Reýter” habar gullugynyň iş wagtyndan başga teswir bermek haýyşyna jogap bermedi.

2016-njy ýylda esaslandyrylan “Scale AI”, “Nvidia”, “Amazon” we “Meta” ýaly tehnologiýa ägirtleri tarapyndan goldanýan maglumat bellikleri başlangyjy hökmünde mälimdir.

Gymmady 14 milliard dollar töweregi bolan “Scale AI” barlagçylaryň emeli aň barada maglumatlary paýlaşyp biljek platformasyny hödürleýär. Bu platforma goşant goşanlaryň 9000-den gowrak şäherde we şäherçede ýerleşýändigi aýdylýar.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us