Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan, Pakistanyň Premýer-ministr Şabhaz Şerif bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Türkiýäniň Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlygyň gowşamagy üçin elinden geleni etmäge taýardygyny aýtdy.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, Erdogan çarşenbe güni Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerif bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Beýannamada Erdogan bilen Şerifiň telefon söhbetdeşliginde Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlyk we 6-njy maý gijesi guralan hüjümler hakynda pikir alyşandygy nygtaldy.
Beýannamada, Türkiýäniň Pakistana goldaw berýändigini aýdan Prezident Erdoganyň, hüjümde şehit bolan pakistanlylar üçin gynanç bildirendigi we ýaralananlara şypa diländigi bellenildi.
Erdogan, resmi Ankaranyň Pakistanyň bu etapda parasatly çemeleşmegine goldaw berýändigini aýtdy.
Prezident Erdogan, Pakistanyň 22-nji aprelde Kaşmir sebitinde guralan terrorçylykly hüjümiň bitarap ýagdaýda halkara topar tarapyndan derňelmegi baradaky teklibine goldaw berýändigini nygtady.
Yslamabat, çarşenbe güni Hindistan tarapyndan başladylan “Sindoor operasiýasynda” asuda ilatdan azyndan 26 adamyň ýogalandygyny we 46 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.
Täze Deli bolsa Pakistanky terror öýjüklerini nyşana alandygyny belledi.