Anna güni Stambul şäherinde Palestina goldaw berýän parlamentler toparynyň maslahaty geçirildi. 13 ýurduň mejlisiniň başlygy maslahatda Ysraýylyň 18 aýdan bäri Gaza guraýan hüjümlerini ýazgardy.
Mejlis başlyklary şeýle hem halkara jemgyýetçiligine Ysraýylyň hüjümleriniň bes edilmegi üçin işe girişmäge çagyryş berdi.
Malaýziýanyň Mejlisiniň başlygy Tan Sri Dato Žohari bin Abdul, ýurdunyň Palestinanyň garaşsyzlygyna we özygtyýarlygyna güýçli goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady we asuda ilata garşy guralýan hüjümleri ýazgardy.
Bin Abdul, Palestina meselesiniň Malaýziýa üçin diňe daşary syýasat meselesi bolmandygyny, eýsem şol bir wagtda adamkärçilik we wyjdan meselesi bolandygyny nygtady.
Pakistanyň Mejlisiniň başlygy Serdar Aýaz Sadyk, Palestina meselesiniň syýasy mesele däl eýsem wyjdan synagydygyny we palestin halkyndan adalat, azatlyk we mertebe duýgusynyň ogyrlanandygyny nygtady.
Sadyk, Ysraýylyň ynsanperwer kömek kerwenlerini bökdeýändigini, sebiti bilkastlaýyn bombalamaga dowam edýändigini we ynsanperwer kömek guramalarynyň işgärlerini öldürýändigini belledi.
Indoneziýanyň Mejlisiniň başlygy Puan Maharani, Palestinanyň adalat isleýändigini we mejlisleriň özlerine beren ygtyýarynyň çäginde meseläniň çözülmegi üçin tagalla etmelidigini aýtdy.
Maharani, mejlisiň agzalary hökmünde adalatyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin jogapkärçilikli hereket etmelidiklerini belledi.
Ispaniýanyň Mejlisiniň başlygy Armengol Sosias wideo ýüzlenmesinde 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri Gazada başdan geçirilýän wakalaryň “adamzada garşy edilýän jenaýatdygyny” belledi.
Sosias “Iki aýlyk atyşygyň bes edilgi baradaky ylalaşykdan soň Ysraýyl ylalaşygy basgylady we Gazanyň halkyny bombalamaga, çagalary öldürmäge, saglygy goraýyş merkezlerini ýok etmäge we ynsanperwer kömek guramalarynyň işgärleri öldürmäge dowam edýär”diýdi.
Sosias “jezasyzlyk” medeniýetiniň dünýäde ýaýbaňlanmagynyň öňüniň alynmalydygyny nygtap, Ispaniýanyň 1967-nji ýyldaky serhetlerine laýyklykda Palestin döwletini ykrar edendigini ýatlatdy.
Ispaniýanyň Mejlisiniň başlygy ýurdunyň palestinalylara doly goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady we halkara hukugyna bap gelmeýän hyýanatçylykly hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigine ünsi çekdi.
Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Ali Ahmadow, 30 ýyl basyp alyşlyga we etniki arassaçylyga sezewar bolan Azerbaýjanyň, dünýäniň çar tarapynda adam hukuklarynyň basgylanmagyny, basyp alyşlygy we zumumy berk ýazgarýandygyny nygtady.
Gazadaky gumanitar pajyga we müňlerçe adamyň ýogalmagyna uly alada bildiren Ahmadow, sebitde azyk, agyz suwy we derman ýetmezçiliginiň ynsanlary açlyga sezewar edendigini belledi.
Ahmadow, Gazada asuda ilata ynsanperwer kömeginiň ýetirilmeginiň bökdelmeginiň ýagdaýy has-da kynlaşdyrandygyny nygtady.
Azerbaýjanyň Palestinanyň garaşsyzlygyna goldaw berýändigini we Bakuda Palestinanyň ilçihanasynyň 14 ýyldan bäri iş alyp barýandygyny ýatladan Ahmadow, “Palestin halkynyň öz ýurtlarynda howpsuz we asuda ýagdaýda ýaşamaklary, sebitara durnuklylyk we parahatçylyk üçin diýseň möhüm” diýdi.
Ahmadow, Ysraýyl-Palestina meselesiniň BMG-nyň kararlarynyň we halkara hukugynyň çäginde çözülmelidigini nygtady.
Azerbaýjanyň Mejlisiniň başlygynyň orunbasary Ali Ahmadow, paýtagty Gündogar Iýerusalim bolan Palestin döwletiniň gurulmalydygyny ýatlatdy.
Ahmadow, Azerbaýjanyň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň agzasy hökmünde Gazanyň halky bilen arakalaşykly hereket etjekdigini belledi.