SYÝASAT
2 minut okamak
Russiýa-Ukraina söweşinde Demirgazyk Koreýaly esgerler uly ýitgi çekdi.
Günorta Koreýanyň merkezi razwetka gullugy, Kim İniň, Ukraina-Russiýa söweşine harby taýdan goldaw bermeginiň demirgazyk koreýali 5 müňe golaý esgeriň ýitmegine sebäp bolandygyny mälim etdi.
Russiýa-Ukraina söweşinde Demirgazyk Koreýaly esgerler uly ýitgi çekdi.
April 30, 2025

Günorta Koreýanyň merkezi razwetka gullugy, Demirgazyk Koreýanyň Russiýa bilen birlikde Ukrainanyň harby güýçlerine garşy söweşendigini we söweşde 4 müň 700 esgeriniň ýogalandygyny we ýaralanandygyny mälim etdi.

Demirgazyk Koreýanyň ilkinji gezek Russiýanyň Kursk sebitini ukrain güýçlerinden yzyna almak geçiren operasiýasyna gatnaşandygynyň tassyklanylmagyndan iki gün soň Günorta Koreýanyň merkezi razwetka gullugy anna güni söweşde ýogalan demirgazyk koreýaly esgerler hakynda halk deputatlaryna barada maglumat berdi.

Günorta Koreýanyň merkezi razwetka gullugy, Mejlisde halk deputatlaryna beren maglumatynda, Demirgazyk Koreýanyň Russiýa-Ukraina söweşinde 600 esgeriniň ýogalandygyna ünsi çekdi.

Söweşde ýaralanan 2 müň esgeriň ýanwar-mart aýlary aralygydna howa we demir ýoly arkaly Demirgazyk Koreýa yzyna ugradylandygy bellenildi.

Söweşde ýogalan demirgazyk koreýaly esgerleriň Russiýada ýakylandygyny we külleriniň ýurtlaryna ugradylandygy nygtaldy.

Günorta Koreýanyň merkezi razwetka gullugy ýanwar aýynda söweşde demirgazyk koreýaly 300 esgeriň ýogalandygyny, 2 müň 700 esgeriň ýaralanandygyny mälim edipdi. Günorta Koreýanyň harby goşuny geçen aý şol çaklamany 4 müňe ýetirdi.

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim, duşanbe güni “Ukrainaly neo-faşist basyp alyjylary ýok etmek we Kursk sebitini yzyna almak üçin rus ýaragly güýçleriniň hataryna esger ugratmak barada karar kabul edendigini mälim edipdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bolsa esgerleriniň batyrgaýlygy sebäpli Demirgazyk Koreýa minnetdarlyk bildiripdi.

Demirgazyk Koreýanyň we Russiýanyň lideri esgerleriň ýurtlarynyň 2024-nji ýylda baglaşylan goranyş şertnamasynyň çäginde Kurskda iş alyp barandygyna ünsi çekdi.

Iki ýurduň arasynda baglaşylan goranyş şertnamasy taraplardan biriniň hüjüme sezewar bolan halatynda birek-birege goldaw bermegi maksat edinýär.

Demirgazyk Koreýaly 10 müň gowrak esger

Amerikaly, Günorta Koreýaly we Ukrainaly ýolbaşçylar, Demirgazyk Koreýanyň geçen ýylyň güýz aýlarynda Russiýa 10-12 müň töweregi esger ugrandygyny mälim edipdi.

Günorta Koreýanyň harby goşuny, mart aýynda Demirgazyk Koreýanyň Russiýa goşmaça 3 müň esger ugrandygyny habar beripdi.

Çarşenbe güni berlen maglumatda, Russiýanyň Demirgazyk Koreýa howa goranyş ulgamlaryny, uçarmansyz howa ulaglaryny we harby enjam kömegini berendigi nygtaldy.

Günorta Koreýanyň merkezi razwetka gullugy şeýle hem Demirgazyk Koreýanyň Russiýa işçi ugrandygyny aýan etdi.

15 müň işçiniň özara hyzmatdaşlyk şertnamasynyň çäginde Russiýada işlejekdigi bellenildi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us