TÜRKIÝE
1 minut okamak
Abu Dabi, Türkiýe -Birleşen Arap Emirlikleri Afrika gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
Türkiýe-Birleşen Arap Emirlikleri gepleşiklerinde Afrikanyň galkynyşy we maýa goýumlaryň artdyrylmagy meselesi seljerler
Abu Dabi, Türkiýe -Birleşen Arap Emirlikleri Afrika gepleşiklerine ýer eýeçiligini eder
7 Aprili 2025

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi, Türkiýe bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Afrika temaly gepleşikleriň ikinji tapgyrynyň duşenbe güni Abu Dabide geçiriljekdigini mälim etdi.

Gepleşiklerde Türkiýä, Daşary işler ministriniň orunbasary Burhanettin Duran, Birleşen Aram Emirliklerine Daşary işlerinden jogapkär Döwlet ministri Şahbut bin Nahýan ýolbaşçylyk eder.

Gepleşiklerde Afrikada başdan geçirilýän soňky wakalaryň, ykdysadyýetiň we maýa goýumlaryň başda durmagynda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Prezident R. T. Erdoganyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda BAE-ne guran saparynyň çäginde iki ýurduň Daşary işler ministrliginiň arasynda yzygiderli ýagdaýda Afrikanyň galkynyşynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy boýunça karar kabul edilipdi.

Karara laýyklykda Türkiýe bilen BAE-niň arasyndaky ilkinji Afrika maslahaty 2023-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Ankarada geçirlipdi.

 

 

ÇEŞME:TRT Global
TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us