DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýanyň Uzak Gündogar sebitinde ýiten uçar tapyldy
Russiýa tokaý zolagynda gyssagly ýagdaý duýduryşyny ugradanyndan soň ýiten uçaryň içindäki 5 adam bilen birlikde tapylandygyny mälim etdi.
Russiýanyň Uzak Gündogar sebitinde ýiten uçar tapyldy
June 10, 2025

Russiýa sişenbe güni beren beýanatynda ýurduň Uzak Gündogar sebitinde gyssagly ýagdaý duýduryşyny iberenden soň dereksiz ýiten uçaryň tapylandygyny we uçardaky bäş adamyň hemmesiniň diridigini habar berdi.

Russiýanyň Saha Respublikasynyň Ekologiýa, tebigaty dolandyrmak we tokaý hojalygy ministri Ýewgeniý Perfilýew Telegramdan beren beýanatynda "Uçar tapyldy, hemmeler diri" diýip aýan etdi.

Ozal Russiýanyň döwlet habarlar agentligi TASS, Antonow An-2 kysymly uçaryň Tomponskiý sebitinde “tokaýy goramak maksady bilen uçan mahaly” gyssagly ýagdaý duýduryş enjamyny işjeň ýagdaýa getirendigini habar beripdi.

Sibiriň gündogaryndaky Saha Respublikasyna degişli Tomponskiý sebiti daglyk ýerler we gür tokaýlar bilen örtülen giň, az ilatly sebit bolmak bilen tanalýar.

TASS Russiýanyň raýat awiasiýa gullugy Rosawiatsiýa uçary we düzümindäki bäş adamy tapmak üçin gözleg we halas ediş işlerinin başladylandygyny habar beripdi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us