Türkiýe, Iordaniýa, Yrak, Liwan we Siriýa, Siriýanyň howpsuzlygyna we durnuklylygyna zeper ýetirmegi maksat edinýän ähli tagallalary ýazgardy we ýurduň gaýtadan dikeldiş etabyna we durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin Siriýanyň hökümetine we halkyna goldaw berjekdiklerini mälim etdi.
Berlen bilelikdäki beýannamada, Türkiýe, Iordaniýa, Yrak, Liwan we Siriýa, Siriýanyň howpsuzlygyna we durnuklylygyna zeper ýetirýän ähli tagallalary ýazgaryp, hökümete goldaw berýändiklerini beýan etdi.
Iordaniýanyň paýtagty Omanda ýekşenbe güni geçirlen Siriýa goňşy ýurtlar Türkiýäniň, Ioraniýanyň, Yragyň we Liwanyň arasyndaky sebitleýin howpsuzlyk maslahatyna 5 ýurduň daşary işler we goranmak ministrleri bilen birlikde razwetka güýçleriniň ýolbaşçylary we serkerdeler gatnaşdy.
Maslahatdan soň berlen bilelikdäki beýannamada, “Doganlyk ýurt Siriýanyň halkyna, Siriýanyň howpsuzlygynyň, durnuklylygyň, özygtyýarlygynyň we territorial jebisliginiň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalaryna goldaw berýäris” diýildi.
Beýannamada, Siriýanyň howpsuzlygynyň we durnuklylygynyň sebitiň howpsuzlygy we durnuklylygy taýdan diýsen möhümdigi bellenildi.
Sebit ýurtlary, Siriýanyň howpsuzlygyna, özygtyýarlygyna we parahatçylygyna zeper ýetirmegi maksat edinýän ähli tagallalary we toparlary ýazgardy.
Mundan başgada Siriýanyň hökümetine, durnuklylygyň we halkyň asudalygynyň ýola goýulmagy üçin edýän tagallalaryna goldaw berýändiklerine ünsi çekdi.
Ysraýylyň Siriýa garşy alyp barýan hüjüm ediji syýasaty
Beýannamada, Ysraýylyň Siriýa garşy alyp barýan hüjüm ediji syýasaty ýazgaryldy we munyň kabul edilmesizdigi nygtaldy.
Beýannamada, “Ysraýylyň Siriýanyň içerki işlerine goşulyşmak tagallasy, halkara hukugyna bap gelmeýär. Siriýanyň özygtyýarlygyna we territorial bitewiligine guralan hüjüm çaknyşyklaryň has-da möwjemegine sebäp bolup biler” diýildi.
Maslahata gatnaşyjylar, halkara jemgyýetçiligine we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşine, Ysraýylyň edän äsgermezçlikleriniň bes edilmegi we Ysraýylyň basyp alyşlygy astyndaky Siriýa degişli ähli ýerlerden çekilmegi üçin çagyryş berdi.
Mundan başgada, Ysraýylyň guraýan hüjümleriniň bes edilmegi we 1974-nji ýylda Siriýa bilen Ysraýylyň arasynda baglaşylan şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmegini talap etdiler we Siriýa Milli dialog konferensiýasynyň netijelerine kanagatlanma bildirdiler.
Terrorçy toparlar
Maslahata gatnaşyjylar, terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşmek üçin bilelikdäki operasiýa merkeziniň gurulmagy boýunça karar kabul etdiler.
Mundan başgada neşe we ýarag söwdasyna we guramaçylykly jenaýatlara garşy göreşmek üçin Siriýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini beýan etdi.
Maslahata gatnaşyjylar şeýle hem Siriýanyň gaýtadan dikeldiş etabyna ähli taraplaýyn goldaw berjekdiklerini mälim etdi.
Siriýanyň gaýtadan dikeldilmegi we halkyň durmuş şertleriniň kadalaşmagy üçin sanksiýalaryň bes edilmelidigi nygtaldy.
Siriýa bilen goňşy ýurtlaryň arasynda ykdysady, söwda we maýa goýum taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň möhümdigi bellenildi.
Sebit ýurtlary Siriýada howpsuzlygyň, durnukly syýasy şertleriň ýola goýulmagy üçin halkara jemgiýetçiligi we BMG ýaly halkara guramalar bilen birlikde işleşjekdiklerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi.
Halkara jemgyýetçiliginiň bosgunlary kabul eden ýurtlardaky jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmäge dowam etmelidigi nygtaldy.
Maslahata gatnaşyjylar ýakyndan aragatnaşyk saklamak we degişli kararlaryň kabul edilmegi üçin öňümizdäki aýlarda Türkiýede ikinji maslahatyň geçirilmegi boýunça ylalaşyk gazandy.