TÜRKIÝE
1 minut okamak
Türkiýede geçirilýän Etnosport festiwalynda Ysraýylyň Gazada öldüren çagalary hatyralanýar
Şu ýyl 7-njisi geçirilýän Etnosport medeniýet festiwalynda Ysraýyl tarapyndan Gazada öldürlen palestinaly müňlerçe çaganyň çeken jebir-jepasyna üns çekilýär.
Türkiýede geçirilýän Etnosport festiwalynda Ysraýylyň Gazada öldüren çagalary hatyralanýar
10 orë më parë

Türkiýede şu ýyl 7-njisi geçirilýän Etnosport medeniýet festiwalynda däp bolan oýunlar we medeni miras esasy orun eýeleýän bolsada hatyralama hem uly orun tutýar.

Şu ýyl feswitalda Gazada Ysraýyl tarapyndan öldürlen palestinaly müňlerçe çaga üns çekilýär.

25-nji maýa çenli dowam etjek festiwalda, Gazadaky çagalaryň sesini bütin dünýä ýetirmegi maksat edinýän “Arkalaşyk çadyry” açyldy.

Bu çadyra simwoliki görkezmeler ýerleşdirlipdir. Çadyrda indi asla oýun oýnap bilmejek çagalary ýatladýan oýunjaklar, Palestina goldaw çagyryşyny berýän şygarlar we Gazadan ylham alynyp taýarlanan we satylmak üçin hödürlenýän suratlar ýer alýar.

Palestinanyň garpyz şekilli kartasy bu ýere ünsi çekýär. Žurnalistiň gan tegmilli eşigi bolsa çaknyşykda ýogalan žurnalistleri ýatladýar.

Etnosport medeniýet festiwalyna gelenlere şeýle hem Ysraýylyň wagşyçylygyny görkezýän gollanmalar berilýär.

Anadolu habarlar gullugyna beýannama beren festiwalyň guramaçylaryndan biri bolan Tülaý Gökçimen, çadyryň içindäki partlama we aglama sesleriniň gaýtalanýan simulýasynyň täsirini düşündirdi.

Tülaý Gökçimen, “Festiwala gelenlere Gazanyň halky gije-gündiz diýmän 7 gün 24 sagadyň dowamynda bu sesleri eşidýär, siz bir minut hem çydap bilmersiňiz diýýäris” diýdi.

Gökçimen oýunjak sergisiniň bolsa “Eger Ysraýyl gyrgynçylyk etmedik bolsady şol çagalar hem bu oýunjaklar bilen oýnardy” diýlen ýüzlenmäniň berilýändigini aýtdy.

Etnosport medeniýet festiwaly medeni platformasy arkaly däp-dessurlary we wyjdany birleşdirip, şatlyk bilen birlikde arkalaşyga hem ýer berýär.

 

 

 

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us