Saud Arabystanynyň Goranmak Şazada Halid bin Salman, Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda hepdäniň ahyrynda geçiriljek ýadro gepleşikleriniň öňüsyrasynda Tähranda saparda boldy.
Goranmak ministri Halid bin Salman, penşenbe güni Saud Arabystanynyň Şasy Salman bin Abdulaziziň hatyny Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýe gowşurdy. Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hat hakynda giňişleýin maglumat bermedi.
Goranmak ministri Halid bin Salman, X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda “Özara gatnaşyklarymyz bilen arabaglanşykly ugurlar hakynda pikir alyşdyk” diýdi.
Ali Hamaneý hem X sosial media platformasyndan beren habarnamasynda hatyň mazmuny hakynda hiç hili maglumat bermedi.
Goranmak ministri Şazada Halid bin Salman, Eýranyň Prezidenti Mesud Pezeşkiýan bilen hem duşuşdy. Duşuşykda Saud Arabystany bilen Eýranyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň seljerlendigi nygtaldy.
Şazada Halid “Sebitara we halkara meseleler hem gün tertibine getirildi” diýip belledi.
Rimde Eýran-ABŞ gepleşikleri
Eýran bilen ABŞ, Tähranyň jedelleşikli urany kämilleşdirmek meýilnamasy bilen arabaglanşykly ikinji tapgyr gepleşikleriň hepdäniň ahyrynda Rimde geçirilmegi üçin taýarlyk görýär.
Eýranyň köpçülikleýin habar beriş serişdesine görä, Eýranyň dini lideri Ali Hamaneý duşuşykda “Eýran Yslam Respublikasy bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň iki ýurt taýdan hem bähbitli bolandygyna ynanýarys” diýdi.
Hamaneý, Tähranyň Riýad bilen edýän gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň öňündäki ähli bökdençlikleri ortadan aýyrmaga taýardygyny nygtady.
Eýran bilen Saud Arabystany birnäçe ýyl dowam eden duşmançylykdan soň Aýlagyň durnuklylygyna we howpsuzlygyna wehim salýan dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin 2023-nji ýylda Hytaýyň töwallaçylyk etmeginde özara gatnaşyklaryň gaýtadan dikeldilmegi boýunça ylalaşyk gazanypdy.
Saud Arabystany, Eýranyň ABŞ bilen geçirýän ýadro gepleşiklerine kanagatlanma bildirdi. Sebitara we halkara düşnüşmezlikleriň ortadan aýrylmagy baradaky tagallalara goldaw berýändigini mälim etdi.
Eýranyň Baş ştabynyň başlygy Muhammed Bakiri, Tähranda Saud Arabystanynyň Goranmak ministri bilen bolan duşuşygyndan soň “Pekin ylalaşygyndan soň Saud Arabystany bilen Eýranyň ýaragly güýçleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar pugtalanýar” diýdi.
Barili, resmi Tähranyň alyp barýan syýasatlarynyň goňşulary bilen edýän gatnaşyklaryny güýçlendirmäge esaslanýandygyny belledi.
IRNA-a görä Bakiri, “Şol sebäpli iki ýurduň ýaragly güýçleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar ösdürilmeli” diýdi.
2016-njy ýyldan bäri gatnaşyklar
Penşenbe güni guralan sapar, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň gaýtadan dikeldilmäge başlanmagyndan soň Saud Arabystanly ýokary derejeli ýolbaşçynyň Eýrana guran ikinji sapary boldy.
2024-nji ýylyň noýabr aýynda Saud Arabystanynyň ýaragly güýçleriniň serkerdesi Baş ştabyň başlygy general Faýýadh bin Hamed Al Ruwaili özara harby gatnaşyklar meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Tähranda saparda bolupdy.
Sebitiň güýçli iki ýurdunyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 2023-nji ýylyň mart aýynda Hytaýyň töwellaçylyk etmeginde geçirlen gepleşiklerden soň gaýtadan başlady.