Pakistanyň harby goşuny, şenbe güni 450 kilometr menzile eýe raketanyň üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirlendigini mälim etdi.
Harby goşun tarapyndan berlen beýannamada, synagyň harby toparlaryň operasiýa taýarlygynyň gözden geçirilmegi we raketanyň ösen nawigasiýa ulgamy bilen kämilleşdirlen manýowr ukuby ýaly esasy tehniki görkezijilerini tassyklamak maksady bilen geçirlendigi nygtaldy.
Prezident Asif Ali Zerdari, Premýer-ministr Şahbaz Şerif bilen birlikde serkerdeler, raketanyň üstünlikli ýagdaýda synagdan geçirilmegi mynasibetli alymlary we inžerleri gutlady.
Pakistanly ýolbaşçylar tarapyndan berlen beýannamada, “Pakistanyň strategiki güýçleriniň operatiw taýarlygyna we tenhiki ussatygyna doly ynam bildirýäris. Milli howpsuzlygy goramak ukybyna ýokary baha berýäris” diýildi.
Kaşmiriň Hindistanyň gözegçiligi astyndaky sebitinde ýerleşýän Pahalham syýahatçylyk zolagynda 22-nji aprelde guralan hüjümde soň iki ýurduň arasyndaky dartgynlygyň möwjeýän günlerinde şeýle synagyň geçirilmegi ünsleri özüne çekdi.
Hindistan, hüjüm sebäpli Pakistany günäkärledi.
Emma Yslamabat şol garaýyşlary ret etdi we hüjüm bilen arabaglanşykly bitarap derňew işiniň geçirilmegini teklip etdi.