DÜNÝÄ
1 minut okamak
Russiýa düýn gije Ukraina garşy guran hüjümlerinde 479 uçarmansyz howa ulagyny ulandy
Russiýa urşuň başyndan bäri guran iň uly hüjüminde düýn gije Ukraina garşy 479 uçarmansyz howa ulagyny ulandy. Ukraina 460 uçarmansyz howa ulagyny we 19 raketany täsirsiz ýagdaýa getirdi.
Russiýa düýn gije Ukraina garşy guran hüjümlerinde 479 uçarmansyz howa ulagyny ulandy
8 hours ago

Ukrainanyň harby-howa güýçleri Russiýanyň ýaraşyk çagyryşlaryny ret eden döwründe guran bu soňky uly hüjüminde Ukraina garşy 479 uçarmansyz howa ulagyny ulanandygyny mälim etdi.

Hüjümler Ukrainanyň biri-birinden tapawutly ýerlerinde zyýan çekilmegine sebäp boldy, emma şeýle-de bolsa duşenbe güni adam pidalary ýa-da ýaralanmalar barada maglumat berilmedi.

Ukrainanyň harby-howa güýçleri: “Duşmanyň howa hüjümleri 10 tapawutly sebitde hasaba alyndy” diýip aýan etdi.

Ýurduň günbataryndaky Riwne şäheriniň häkimi Oleksandr Tretýak, hüjümi urşuň başyndan bäri iň uly hüjüm hökmünde häsýetlendirdi.

Russiýa soňky hepdelerde Ukrainadaky hüjümlerini güýçlendirdi, resmi Kiýew bu hüjümleriň Moskwanyň üç ýyllyk urşy bes etmek niýetiniň ýokdugyny we parahatçylyk gepleşiklerine çynlakaý garamaýandygyny görkezýändigini aýtdy.

Giň gerimli hüjümler Ukrainanyň ozaldan kynçylyk çekýän howa goragynyň mümkinçilikleri barada alada döretdi.

Muňa garamazdan, Harby-howa güýçleri 460 uçarmansyz howa ulagynyň we 20 raketanyň 19-synyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi.

Düýn gije harby uçarlara hüjümler guraldy

Beýleki tarapdan bolsa Ukrainanyň goşuny düýn gije Russiýanyň Sawasleýka howa menzilinde 2 uçaryň ýok edilendigini mälim etdi.

Duşenbe güni berlen beýanatda: “Ilkinji maglumatlara görä duşmanyň 2 uçary, MiG-31 ve Su-30/34 kysymly uçarlar nyşana alyndy” diýip beýan edildi.

TRT Global barada gysgaça syn. Pikirleriňizi ýazyň!
Contact us