Müsüriň Syýahatçylyk we gadymy eserler ministrligi Pensilwaniýa uniwersitetinden Müsür-Amerikan arheologik toparynyň Müsüriň günortasyndaky Abidosda ýerleşýän Jebel Anubis nekropolynda Ikinji Aralyk döwrüne degişli Şa maşgalasynyň mazaryny tapandyklaryny habar berdi.
Ministrlik tarapyndan berilen beýanata görä Müsüriň Ýokary gadymy eserler geňeşine degişli başga bir arheologik topar bolsa Sohag welaýatynyň Banaweet obasynda Rim döwrüne degişli küýzegärçilik ussahanasyny tapdylar.
“Abidosdaky Şa maşgalasynyň mazarynyň tapylmagy, Jebel Anubis nekropolundaky Şa maşgalasynyň jaýlanyşlary barada täze ylmy maglumatlary hödürleýär” diýip bellenen beýanatda şeýle hem, “Bu mazarlar takmynan b.e.öňki. 1700-1600 ýyllara degişlidir” diýilýär.
Banaweetdäki küýzegärçilik ussahanasy barada ministrlik, onuň gadymy döwürde sebit üçin küýze we aýna önümlerini üpjün edýän iň uly önümçilik merkezleriniň biri bolandygyny habar berdi.
Ministrlik bu tapyndylaryň diňe bir Müsüriň syýahatçylyk köpdürlüligini ösdürmäge we onuň gadymy medeniýetini dünýä tanatmaga goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, alymlar üçin gymmatly maglumatlar bilen hem üpjün edýändigini belledi.